HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pekinde adamlaryň we robotlaryň gatnaşmagynda dünýäniň ilkinji ýarym marafony geçirildi

Aprel 21, 2025 | 10:23 |4920
19-njy aprelde Pekindäki “Inçžuan” tehniki-ykdysady ösüş zolagynda adamlar bilen deň derejede robotlaryň gatnaşmagyndaky dünýäniň ilkinji ýarym marafony geçirildi.19-njy aprelde Pekindäki “Inçžuan” tehniki-ykdysady ösüş zolagynda adamlar bilen deň derejede robotlaryň gatnaşmagyndaky dünýäniň ilkinji ýarym marafony geçirildi.
Çeşme: russian.news.cn

19-njy aprelde Pekindäki “Inçžuan” tehniki-ykdysady ösüş zolagynda adamlar bilen deň derejede robotlaryň gatnaşmagyndaky dünýäniň ilkinji ýarym marafony geçirildi.

21 km uzaklykdaky ylgamak boýunça ýaryşda müňlerçe adam türgenlere 21 sany adama meňzedilen robotlar goşuldy. Bilelikde ylgamaga başlan adamlardan tapawutlylykda, robotlar bir minut wagt aralygy bilen nobat boýunça başladylar. Robotlaryň ýanynda “türgenler” – işläp taýýarlaýjylar bardy. Sebäbi hem awtonom, hem elde uzak aralykdan dolandyrmak mümkinçiligi rugsat edildi.

Düzgünlere laýyklykda, robotlaryň batareýlerini çalyşmaga, zerur bolan ýagdaýda bolsa estafeta görnüşinde robotlaryň özüni çalyşmaga rugsat berildi. Her bir çalyşma üçin 10 minutlyk jerime salynýardy. Munuň bilen birlikde robotlar bellenen ugur boýunça hereket edip, ähli tehniki düzgünleri berk berjaý etmelidiler. Mundan başga-da, düzgünler ýoluň zaýalanmagy we beýleki robot-bäsdeşlerine we adamlara zeper ýetirmek gadagan edýärdi. Ylgaýan robot-türgenleriň umumy iş dowamlylygy 3 sagat 30 minuda barabar boldy.

Pellehana Tiangong Ultra roboty birinji bolup geldi. Ol aralygy 2 sagat 40 minut 42 sekunt wagtyň dowamynda geçip, öz garşydaşlaryndan öňe geçmegi başardy. Ýeňiji-robotyň baýragyny başga adama meňzedilen robot gowşurdy.

Adamlaryň arasynda Efiopiýanyň türgenleri gowy netije görkezdiler. Olar erkekleriň arasynda 1 sagat 2 minut 36 sekunt hem-de aýallaryň arasynda 1 sagat 11 minut 7 sekunt wagty görkezdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026