Türkmenistanyň DIM-de “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi


18-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow belli “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Riz Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Gepleşikler Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek islegini tassyklady.
Konstruktiw dialogyň dowamynda Türkmenistan bilen “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we giňeltmek baradaky özara gyzyklanma nygtaldy. Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň mümkin bolan dürli görnüşlerini jikme-jik gözden geçirdiler.
Türkmen žurnalistleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika fakultetleriniň talyplary üçin “Al-Arabiýa” tarapyndan okuw sapaklarynyň geçirilmegi hem-de ýerli KHBS-niň işgärleri üçin hünärini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda dünýäniň öňdebaryjy media çeşmeleriniň, hususan-da “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň halklaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi ösdürmekdäki ähmiýetli orny barada aýratyn nygtaldy.
“Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň wekiliýeti işjeň hyzmatdaşlyga we konstruktiw dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge doly taýýardygyny mälim etdi. Teleýaýlymyň wekilleri hem şu ýyl Türkmenistanda möhüm senäniň – ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilýän birnäçe möhüm çärelere gatnaşmaga çagyrylandygy üçin minnetdarlygyny bildirdiler.
“Al-Arabiýa” teleýaýlymy, Dubaý şäherinde (BAE) ýerleşýän dünýädäki uly göwrümli we has täsirli arap dilindäki habarlar ýaýlymlarynyň biridir. Bu teleýaýlym 2003-nji ýylda işe girizilip, Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada, şeýle hem bütin dünýäde arap dilli tomaşaçylaryň arasynda çalt depginde giň köpçüligi gazandy. “Al-Arabiýa” teleýaýlymy sebitleýin we halkara habarlary, seljeriş gepleşikleri hem-de öňdebaryjy syýasatçylar we bilermenler bilen geçirilen söhbetdeşlikleri öz içine alýan gepleşikleri bilen giňden bellidir. Şeýle abraýly media çeşmesi bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistana daşary we içerki syýasatlaryny, gazananlaryny we medeni mirasyny halkara giňişliginde has giňişleýin şöhlelendirmäge mümkinçilik berer.
ORIENT








