HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Turkish Airlines Aşgabat-Stambul gatnawlaryny hepdede 17–ä çenli köpelder

Aprel 18, 2025 | 11:10 |5326
Türkmen raýatlarynyň Türkiýä syýahatlaryna bolan barha artýan gyzyklanmasynyň netijesinde Turkish Airlines awiakompaniýasy Aşgabat-Satmbul ugry boýunça gatnawlaryny hepdede 17-ä çenli köpelder.Türkmen raýatlarynyň Türkiýä syýahatlaryna bolan barha artýan gyzyklanmasynyň netijesinde Turkish Airlines awiakompaniýasy Aşgabat-Satmbul ugry boýunça gatnawlaryny hepdede 17-ä çenli köpelder.
Çeşme: orient.tm

Türkmen raýatlarynyň Türkiýä syýahatlaryna bolan barha artýan gyzyklanmasynyň netijesinde Turkish Airlines awiakompaniýasy Aşgabat-Satmbul ugry boýunça gatnawlaryny hepdede 17-ä çenli köpelder. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok habar berdi.

2025-nji ýylyň 1-nji aprelinden gatnawlaryň sany hepdede 11-den 14-e çenli köpeldildi. Indiki artdyrma – 17 gatnawa çenli – 2025-nji ýylyň 10-njy iýunyna meýilleşdirildi. Bu karar iki ýurduň arasyndaky syýahatçylygy mundan beýläk-de ösdürmäge we ulag elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ilçi Turkish Airlines kompaniýasynyň global syýahatçylygy ösdürmäge goşýan möhüm goşandy barada belledi. Awiakompaniýa dünýäniň 131 ýurdunda 353 nokatlarda, şol sanda iň köp isleg bildirilýän ugurlarynda öz hyzmatlaryny ýetirýär.

Häzirki wagtda Aşgabat-Stambul ugry boýunça gatnawlary Turkmenistan Airlines awiakompaniýasy hem amala aşyryp, hepdede 10 gatnawa çenli hödürleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026