HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly žurnalistler bäsleşige çagyrylýar

Aprel 16, 2025 | 11:10 |3285
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Merkezi Aziýada durnukly energetika aragatnaşyklary (SECCA)” taslamasy Merkezi Aziýanyň žurnalistleriniň arasynda bäsleşik yglan edýär.Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Merkezi Aziýada durnukly energetika aragatnaşyklary (SECCA)” taslamasy Merkezi Aziýanyň žurnalistleriniň arasynda bäsleşik yglan edýär.
Çeşme: inbusiness.kz

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Merkezi Aziýada durnukly energetika aragatnaşyklary (SECCA)” taslamasy Merkezi Aziýanyň žurnalistleriniň arasynda bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşik adamlaryň we Ýer zeminiň bähbidine köpçüligiň arassa energetika geçişi barada habarlylygyny ýokarlandyrmaga hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylşyny giňeltmäge we has durnukly energiýa ulgamlaryna geçmäge ünsi jemlemäge gönükdirilendir.

Bäsleşigiň çäklerinde sebitleýin hem-de ýerli çap we elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, tele we radio ýaýlymlarynyň žurnalistlerine durnukly energetika, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, energiýa netijeliligi, energetika pudagynda gender deňligi, STEM, tehnologiýa, inženerçilik we matematika ugurlary boýunça gyzlar üçin bilim, ýaşyl/durnukly gurluşyk tejribesi, ÝB-niň we Merkezi Aziýanyň durnukly energetika babatyndaky hyzmatdaşlygy, ÝB-niň “Gözýetim Ýewropa” maksatnamasynyň çäklerinde ÝB-niň we Merkezi Aziýanyň “Howa, energetika we mobillik” 5-nji klasteri boýunça ylmy-barlag hyzmatdaşlygy ýaly temalar boýunça özüniň işlerini hödürlemäge teklip edilýär.

Işler çap we elektron köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde neşir edilmeli ýa-da 2024-nji ýylyň 15-nji aprelinden 2025-nji ýylyň 14-nji maýyna çenli aralykda tele/radio ýaýlymlarda çykan bolmaly. Bir arza beriji bäsleşige 3 materiala çenli tabşyryp biler. Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň haýsy-da bolsa birinden (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan ýa-da Özbegistan) 18 ýaşdan uly fiziki şahs gatnaşyjy bolup biler. Bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgär arzany dolduryp (rus we iňlis dillerinde goşulan), materiallara gipersalgyny görkezmek bilen, bäsleşik materiallaryny (makala, oçerk, interwýu, tele/radio gepleşik) goşmaly. Çap neşir bolan ýagdaýynda, köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň adyny, çykan senesini we sanyny görkezmek bilen, PDF görnüşinde skanirlenen nusgasyny goşmaly. Arzany we ähli goşulan maglumatlary media@secca.eu elektron salgysyna ugratmaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary tabşrymagyň iň soňky möhleti: 2025-nji ýylyň 14-nji maýy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça pul baýraklaryna eýe boljak üç sany ýeňiji saýlanar.

Bäsleşigiň netijeleri 2025-nji ýylyň maý aýynyň ahyrynda – iýun aýynyň başynda SECCA web-saýtynda we SECCA taslamasynyň sosial ulgamlarynda, şeýle hem SECCA-nyň “Astana International Forum” dowamynda geçirjek ýörite bölümçäniň çäklerinde yglan ediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

13:53 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

13:45 Iýun 18, 2026
Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

12:55 Iýun 18, 2026