HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy bilen duşuşyk geçirdi

Aprel 16, 2025 | 04:15 |4416
15-nji aprelde saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Baştutany Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygy Haýahsi Nobumitsu bilen duşuşdy15-nji aprelde saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Baştutany Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygy Haýahsi Nobumitsu bilen duşuşdy
Çeşme: tdh.gov.tm

15-nji aprelde saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Baştutany Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygy Haýahsi Nobumitsu bilen duşuşdy.

Haýahsi Nobumitsu Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi we Prezident Serdar Berdimuhamedowy “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasynyň üstünli geçirilmegi bilen gutlap, bu çäräniň sergide ilkinji we täsir galdyryjy wakalaryň biri bolandygyny aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen “JBIC”-iň arasyndaky uzak möhletli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen belledi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet ösüş strategiýasy ylma esaslanýan önümçilikleriň döredilmegini, öňdebaryjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, nou-haularyň milli ykdysadyýetiň pudaklaryna giňden ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda ýapon kompaniýalary bilen durmuşa geçirilen taslamalaryň ähmiýeti bellenildi.

“JBIC”-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň netijeliligi belläp, Ýaponioýanyň işewür düzümleriniň hem-de maliýe edaralarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de netijeli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026