HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň ýaşlary sanly ykdysadyýet ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar

Aprel 13, 2025 | 21:50 |18380
Anna güni, 11-nji aprelde Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Sian şäherinde Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň arasynda sanly ykdysadyýet ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýaşlaryň bilelikdäki ösüşine ýardam bermek meselelerine bagyşlanan dialog geçirildi diýip, «Sinhua» habarlar agentligi Hytaýyň Kommunistik ýaşlar birleşiginiň Merkezi komitetine salgylanyp habar berýärAnna güni, 11-nji aprelde Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Sian şäherinde Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň arasynda sanly ykdysadyýet ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýaşlaryň bilelikdäki ösüşine ýardam bermek meselelerine bagyşlanan dialog geçirildi diýip, «Sinhua» habarlar agentligi Hytaýyň Kommunistik ýaşlar birleşiginiň Merkezi komitetine salgylanyp habar berýär
Çeşme: gdpr.pl

Anna güni, 11-nji aprelde Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Sian şäherinde Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň arasynda sanly ykdysadyýet ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýaşlaryň bilelikdäki ösüşine ýardam bermek meselelerine bagyşlanan dialog geçirildi diýip, «Sinhua» habarlar agentligi Hytaýyň Kommunistik ýaşlar birleşiginiň Merkezi komitetine salgylanyp habar berýär. Ählihytaý ýaşlar federasiýasy tarapyndan gurnalan bu çärä Hytaýdan we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ýaşlar guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de ýaş telekeçileriniň 60-dan gowragy gatnaşdy.

Çärä gatnaşyjylar ýaşlaryň güýjüniň, tehnologiýa innowasiýalarynyň we halkara hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşde möhüm orny eýelejekdigini belläp geçdiler. Olar sanly infrastruktura gurluşygynyň çaltlandyrylmagyna, sanly sowatlylyk boýunça bilimleriň ýaýradylmagyna, şeýle hem sebitleýin platformalar we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk taslamalary arkaly ýaşlaryň sanly özgertmelere we innowasion tejribelere giňden gatnaşmagyna höweslendirmäge çagyrdylar.

Hususan-da, Ählihytaý ýaşlar federasiýasynyň başlygynyň orunbasary Şapkat Uşur Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ýaşlarynyň sanly ykdysady hyzmatdaşlyk platformalaryny bilelikde döretmegine, sanly ösüşiň netijelerinden bilelikde peýdalanmagyna, ýaşlaryň sanly ösüş ugrundaky hukuklaryny we bähbitlerini goramagyna, şeýle hem halkara ýaşlar gün tertibini öňe sürüp, häzirki döwre mahsus sanly innowasiýa akymlaryna eýerip bilelikde ösmegine umyt bildirdi.

Dialogyň çäklerinde Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň arasynda sanly ykdysadyýet ugrunda hyzmatdaşlyk taslamalary boýunça, şol sanda emeli aň, üpjünçilik zynjyrlary we logistika parklary ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna hem gol çekildi diýlip, agentligiň maglumatynda aýdylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026