HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hazar deňzine degişli meseleler boýunça Türkmenistanyň we Eýranyň ýörite wekilleri geňeşmeleri geçirdiler

Aprel 09, 2025 | 03:00 |3678
Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Hazar deňzine degişli meseleler boýunça ýörite wekilleri deňiz serhediniň çyzygyny, balykçylyk zolagynyň çäklerini, başlangyç çyzygynyň geçýän ugruny kesgitlemek hem-de Hazar deňziniň düýbi boýunça araçäkleriniň bellenilmegi boýunça geňeşmeleri geçirdilerEýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Hazar deňzine degişli meseleler boýunça ýörite wekilleri deňiz serhediniň çyzygyny, balykçylyk zolagynyň çäklerini, başlangyç çyzygynyň geçýän ugruny kesgitlemek hem-de Hazar deňziniň düýbi boýunça araçäkleriniň bellenilmegi boýunça geňeşmeleri geçirdiler
Çeşme: Mehr

Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Hazar deňzine degişli meseleler boýunça ýörite wekilleri deňiz serhediniň çyzygyny, balykçylyk zolagynyň çäklerini, başlangyç çyzygynyň geçýän ugruny kesgitlemek hem-de Hazar deňziniň düýbi boýunça araçäkleriniň bellenilmegi boýunça geňeşmeleri geçirdiler.

Aşgabatda Hazar deňzine degişli meseleler boýunça Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň kömekçisi Alireza Jahangiri bilen Türkmenistanyň Hazar deňzine degişli ýörite wekili Myrat Atajanowyň baştutanlygynda iki ýurduň wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi.

Bu duşuşykda deňiz serhediniň çyzygyny kesgitlemek, balykçylyk zolagynyň çäklerini anyklamak, başlangyç çyzygynyň ugruny geçirmek, Hazar deňziniň düýbiniň hem-de Hazar deňzine degişli tebigy baýlyklarynyň araçägini bellemek, şeýle-de bu ugurlarda degişli resminamalary taýýarlamak meseleleri boýunça pikir alyşyldy we maslahatlaşyldy diýip, sişenbe güni Mehr habarlar agentligi habar berdi.

Duşuşykda Hazar deňziniň ekologiýasy we suw derejesiniň peselmegi bilen baglanyşykly beýleki meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

18:00 Oktýabr 20, 2026
Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

16:00 Oktýabr 20, 2026
Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

14:00 Oktýabr 20, 2026