HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ngozi Okonjo-Iweala Türkmenistanyň BSG-e goşulmak ugrundaky tagallaryna ýokary baha berdi

Aprel 09, 2025 | 21:20 |6853
9-njy aprelde Ženewa saparynyň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy9-njy aprelde Ženewa saparynyň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy
Çeşme: mfa.gov.tm

9-njy aprelde Ženewa saparynyň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy.

Taraplar Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şol sanda Türkmenistanyň bu gurama goşulmagy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

переговоры делегации Туркменистана с ВТО в Женеве 9 апреля 2025.jpg

BSG-nyň Baş direktory Türkmenistanyň durmuşa geçirýän tagallalaryna we BSG-e goşulmak bilen baglanyşykly meselelerde görkezilen ussatlyga ýokary baha berdi. Okonjo-Iweala Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna – Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ugurdaky strategiki goldawlary üçin aýratyn minnetdarlygyny bildirdi.

Duşuşyk Türkmenistanyň köptaraplaýyn söwda ulgamyna goşulyşmagy ugrundaky ädimleriniň çäginde hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga özara taýýardygyny tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

18:00 Oktýabr 20, 2026
Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

16:00 Oktýabr 20, 2026
Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

14:00 Oktýabr 20, 2026