HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň we Olimpiýa raýdaşlygynyň Forumyna gatnaşdy

Aprel 09, 2025 | 12:18 |2714
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (AOG) we Olimpiýa raýdaşlygynyň (OR) Sebitleýin forumyna gatnaşdy.Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (AOG) we Olimpiýa raýdaşlygynyň (OR) Sebitleýin forumyna gatnaşdy.
Çeşme: x.com/AsianGamesOCA

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (AOG) we Olimpiýa raýdaşlygynyň (OR) Sebitleýin forumyna gatnaşdy.

Çäre Bahreýn döwletinde 2025-nji ýylyň üçünji Aziýa ýaşlar oýunlaryny, 2026-njy ýylda Er-Riýad şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryny, 2026-njy ýylda Aiçi we Nagoýa ýapon şäherlerinde geçiriljek XX tomusky Aziýa oýunlaryny geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Günbatar we Merkezi Aziýanyň 22-den gowrak döwletleriniň Milli olimpiýa komitetleriniň (MOK) wekillerini ýygnady.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar Halkara olimpiýa komitetiniň maksatnamalaryny hem-de 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa oýunlaryna türgenleriň taýýarlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Açylyş dabarasynda Täjigistanyň sport ministri Zulfikor Gulahmadzoda çykyş edip, bu forumyň netijeleriniň täze üstünlikler we Olimpiýa hereketiniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk üçin berk esas döretjekdigine ynam bildirdi.

Forumyň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sporty ösdürmek hem-de bu ägirt uly halkara çäresine gatnaşyjy-wekiliýetleriň arasynda dostlugy pugtalandyrmak maksady bilen “Dostlukly ylgamak” çäresi (“Fun Run”) geçirildi.

Forumyň birinji tapgyry Gündogar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň Milli olimpiýa komitetleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Thimphu şäherinde (Butan) geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

18:00 Oktýabr 20, 2026
Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

16:00 Oktýabr 20, 2026
Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

14:00 Oktýabr 20, 2026