HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Rimde Türkmenistanyň we Italiýanyň DIM-niň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi

Aprel 10, 2025 | 00:20 |5583
Rimde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Italiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelliniň arasynda duşuşyk geçirildiRimde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Italiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelliniň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: aise

Rimde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Italiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelliniň arasynda duşuşyk geçirildi. 9-njy aprelde, çarşenbe güni geçirilen bu duşuşyk Italiýa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrleriniň maslahatynda başlanan dialogyň dowamy bolup, ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we strategiki taýdan möhüm pudaklaryň birnäçesinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge bagyşlandy.

Hususan-da, taraplar energetika, suw serişdeleri, medeni we bilim hyzmatdaşlygy ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orna eýe bolan Türkmenistan, energetika pudagynda Italiýa üçin möhüm hyzmatdaş hasaplanýar. Suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meseleleri sebitleýin hyzmatdaşlygyň çäginde hem gyzyklanma döredýär diýip Italiýanyň DIM-de bellenildi.

Çiriýelli şeýle hem 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda saparda boldy. Şol saparyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow we ministriň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen duşuşdy. Bu ikitaraplaýyn dialogyň ýokary derejede yzygiderli ösdürilýändigini görkezýär.

“Italiýa we Türkmenistan – öňden dowam edip gelýän we çuňňur gatnaşyklar birleşdirýän dostlukly ýurtlardyr. Italiýa, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň daşarky gatnaşyklarynyň çäginde, Türkmenistany Merkezi Aziýada strategiýasynyň esasy bölegi, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky köpri hökmünde has strategiki möhüm sebit hasaplaýar” – diýip ministriň orunbasary Çiriýelli nygtady.

Bu duşuşyk iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän we sebitde durnuklylygy we abadançylygy berkitmäge goşant goşýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan Türkmenistan bilen Italiýanyň özara isleglerini tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026