HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Abdullah Eren Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerine baryp gördi

Aprel 09, 2025 | 14:20 |5466
Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Daşary ýurtdaky türkleriň we kowumdaş jemagatlaryň işleri baradaky müdirligiň (YTB) Başlygy Abdullah Eren Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, şeýle hem ýurdumyzyň birnäçe öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerine baryp gördiTürkmenistana amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Daşary ýurtdaky türkleriň we kowumdaş jemagatlaryň işleri baradaky müdirligiň (YTB) Başlygy Abdullah Eren Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, şeýle hem ýurdumyzyň birnäçe öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerine baryp gördi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Daşary ýurtdaky türkleriň we kowumdaş jemagatlaryň işleri baradaky müdirligiň (YTB) Başlygy Abdullah Eren Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, şeýle hem ýurdumyzyň birnäçe öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerine baryp gördi. 1

Hususan-da, ol Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bolup gördi. 2 Saparyň dowamynda Abdullah Eren ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary bilen duşuşyk geçirip, onuň barşynda ikitaraplaýyn akademiki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, alyş-çalyş maksatnamalaryň ösdürilmegi hem-de türkmen talyplarynyň Türkiýäniň bilim başlangyçlaryna gatnaşmak mümkinçiligi barada maslahatlaşyldy. Türkiýeden gelen myhman okuw işiniň häzirki ýagdaýy bilen tanyşdy. Jenap Eren Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ylymda, bilimde we halkara gatnaşyklarda gazanan üstünliklerine aýratyn üns berdi. 3 Ol talyplaryň ýokary taýýarlyk derejesi barada belläp, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine amala aşyran saparynyň dowamynda jenap Erene ýadygärlik sowgat hökmünde milli türkmen dony we telpegi gowşuryldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026