HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDEI-de ÝB-niň "SECCA" taslamasynyň çäklerinde halkara maslahat geçirildi

Aprel 06, 2025 | 16:15 |4281
4-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada durnukly energetika arabaglanyşygy» (SECCA) atly taslamasynyň çäklerinde «Bitaraplyk derejesi - durnukly energiýanyň ösüşiniň kepili. Energiýa we howa şertleriniň utgaşykly seljermesi üçin ulgamlaýyn pikirlenme. Türkmenistanda durnukly energiýanyň ösdürilmegini aýratynlyklaryny öwrenmek» atly halkara maslahaty geçirildi4-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada durnukly energetika arabaglanyşygy» (SECCA) atly taslamasynyň çäklerinde «Bitaraplyk derejesi - durnukly energiýanyň ösüşiniň kepili. Energiýa we howa şertleriniň utgaşykly seljermesi üçin ulgamlaýyn pikirlenme. Türkmenistanda durnukly energiýanyň ösdürilmegini aýratynlyklaryny öwrenmek» atly halkara maslahaty geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

4-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada durnukly energetika arabaglanyşygy» (SECCA) atly taslamasynyň çäklerinde «Bitaraplyk derejesi - durnukly energiýanyň ösüşiniň kepili. Energiýa we howa şertleriniň utgaşykly seljermesi üçin ulgamlaýyn pikirlenme. Türkmenistanda durnukly energiýanyň ösdürilmegini aýratynlyklaryny öwrenmek» atly halkara maslahaty geçirildi.

Halkara maslahata Italiýadan, Horwatiýadan, Gruziýadan Latwiýadan hem-de Gazagystan Respublikasyndan halkara bilermenleri, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlar we talyplary gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar ilki bilen institutyň Baş binasynyň eýwanynda gurnalan ylmy işleriň sergisi bilen tanyşdylar. Halkara maslahatyň dowamynda energiýany tygşytlamagyň zerurlygy we ähmiýeti, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda energiýany tygşytlamak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada birnäçe çykyşlar diňlenildi.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda ýaşlaryň ekologiýa bilen bagly möhüm meseleleri, şol sanda howanyň üýtgemegi, oba hojalygynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy, “ýaşyl” ykdysadyýet we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak boýunça mümkinçiliklerini we bilimlerini artdyrmak, ýaşlaryň jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşmaklaryny ýokarlandyrmak bilen bagly derwaýys meseleler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler.

Halkara taslamanyň çäklerinde institutyň professor-mugallymlarynyň, ylmy işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen «Türkmenistanyň howa şertlerinde energiýany netijeli ulanýan innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň aýratynlyklaryny öwrenmek» atly okuwlar 2 tapgyrda geçirildi we degişli sertifikatlar gowşuruldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026