HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda ýapon dili biliminiň derejesini kesgitlemek boýunça 2025-nji ýylyň ilkinji synagy geçiriler

Aprel 05, 2025 | 10:10 |6357
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýapon dili biliminiň derejesini kesgitlemek boýunça 2025-nji ýylyň ilkinji synagynyň (Japanese-Language Proficiency Test, JLPT) geçirilýändigi barada habar berýär.Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýapon dili biliminiň derejesini kesgitlemek boýunça 2025-nji ýylyň ilkinji synagynyň (Japanese-Language Proficiency Test, JLPT) geçirilýändigi barada habar berýär.
Çeşme: arminastudy.com

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýapon dili biliminiň derejesini kesgitlemek boýunça 2025-nji ýylyň ilkinji synagynyň (Japanese-Language Proficiency Test, JLPT) geçirilýändigi barada habar berýär.

Synagy geçmek isleýänler synag boýunça maslahatlary we arzanyň formasyny almak üçin Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna (“Paýtagt” SM, 9-njy gat) gelmeli.

Arzalaryň kabul edişligi 10-njy aprelde başlaýar (sagat 09:30-dan 12:45-e çenli, 14:00-dan 17:00-e çenli).

Ýapon dili biliminiň derejesini kesgitlemek boýunça synag Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 6-njy iýulynda geçiriler.

Ýapon dili biliminiň derejesini kesgitlemek boýunça synag (Japanese-Language Proficiency Test, JLPT) - bu ýapon dili ene dili bolmadyk şahslar üçin ýapon dili biliminiň derejesini kesgitlemek boýunça halkara synagydyr.

Synaga gatnaşmak üçin ýaş we beýleki çäklendirmeler ýok, ýeke-täk şert – ýapon dili synaga gatnaşýanyň ene dili bolmaly däl. Synagy üstünlikli tabşyran ýagdaýynda gatnaşyja dil biliminiň islendik derejesini resmi ýagdaýda tassyklaýan şahadatnama berilýär.

Synag N5-den (iň pes) N1-e (iň ýokary) çenli bäş derejä bölünýär. Arzany tabşrymak isleýän gatnaşyjy öz bilimine laýyklykda synagy tabşyrmak üçin derejesini özbaşdak kesgitlemeli. Synag kagyz göterijilerde ýazmaça test görnüşinde geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026