Merkezi Aziýa ýurtlary Aýlagyň arap döwletleri bilen dialoga taýýarlygyny işjeňleşdirýärler


Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Bahromžon Aloýew 25-nji martda Daşkentde akkreditlenen Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri bilen iş duşuşygyny geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Özbegistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi. Taraplar söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek üçin sebitleýin gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Gepleşikleriň esasy meselesi «Merkezi Aziýa – Aýlagyň arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» strategik dialogynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri guramak boldy. Bu formatyň işjeňleşdirilmeginiň Merkezi Aziýa ýurtlaryna halkara arenada öz ornuny berkitmäge, maýa goýumlary çekmäge we arap döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň hasabyna ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmäge mümkinçilik berjekdigi bellenildi.
Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Bahromžon Aloýew Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga Özbegistanyň elmydama taýyndygyny tassyklady hem-de bilelikdäki tagallalaryň sebitleýin durnuklylygy we gülläp ösüşi has-da berkitjekdigine ynam bildirdi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri Özbegistanyň başlangyçlaryny doly goldaýandyklaryny we meýilleşdirilen taslamalary amala aşyrmakda işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar, şeýle hem, özara gyzyklanma döredýän sebitleýin howpsuzlyk we halkara syýasaty bilen baglanyşykly birnäçe möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
ORIENT
Şeýle-de okaň:
Brýusselde Merkezi Aziýanyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň ilçileriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti AADGH + Merkezi Aziýa Strategiki dialogynyň ministrler duşuşygyna gatnaşdy








