HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ýaşlarynyň wekiliýeti Hindistanda saparda

Mart 24, 2025 | 11:45 |5150
Türkmenistan sebitiň beýleki ýurtlary bilen deň hatarda,  Merkezi Aziýanyň Hindistandaky üçünji ýaşlar wekiliýetiniň düzümine girýär.Türkmenistan sebitiň beýleki ýurtlary bilen deň hatarda,  Merkezi Aziýanyň Hindistandaky üçünji ýaşlar wekiliýetiniň düzümine girýär.
Çeşme: x.com

Türkmenistan sebitiň beýleki ýurtlary bilen deň hatarda, Merkezi Aziýanyň Hindistandaky üçünji ýaşlar wekiliýetiniň düzümine girýär.

Sapar Ýaşlar alyş-çalşygynyň halkara maksatnamasynyň (International Youth Exchange Program, IYEP) çäklerinde Hindistanyň Ýaşlar we sport meseleleri boýunça ministrligi tarapyndan gurnalan. Bu başlangyç ýaşlar babatdaky hyzmatdaşlyga, medeni alyş-çalyşa ýardam bermäge we Hindistan bilen Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

22-28-nji mart aralygynda 100 adamdan ybarat wekiliýet dürli çärelere gatnaşyp, Hindistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini öwrener.

Hususan-da, maksatnama Hindistanyň binagärlik we taryhy mirasy bilen tanyşmak üçin Täj-Mahala, Agra galasyna, Humaýunyň guburhanasyna we Goa ştatynyň taryhy ýerlerine baryp görmegi öz içine alýar. Gatnaşyjylar Hindistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary bilen söhbetdeş bolup, Hindistanyň tehnologiýa, ylmy-barlaglar we telekeçilik pudaklarynda gazanan üstünliklerini öwrenmek üçin Goa ştatynyň Söwda-senagat edarasyna baryp görerler.

Şeýle hem, olara ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, liderlik we innowasiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin MY Bharat guramasynyň meýletinçileri bilen özara gatnaşyklar garaşýar. Mundan başga-da, Hindistanyň daşary işler ministri, Goa ştatynyň baş ministri we häkimi bilen duşuklary göz öňünde tutulyp, olarda ýaşlar diplomatiýasynyň wajyplygy barada aýdylar.

Bu maksatnama 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilen Hindistan-Merkezi Aziýa sammitinde Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi tarapyndan beýan edilen garaýşyny gözbaş alýar. Şol wagt premýer-ministr sebitiň ýaş liderleriniň arasynda özara düşünişmegi gowulandyrmak üçin her ýylky ýaşlar alyş-çalşygy başlangyjynyň döredilmegini teklip etdi.

Sapar geljekki hyzmatdaşlyk üçin itergi bolup, medeniýetleriň arasyndaky özara düşünişmeklige, liderlik häsiýetleriniň ösdürilmegine we möhüm pudaklarda halkara hyzmatdaşlyga ýardam berer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026