HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanlylar üçin Gruziýada dynç almak has amatly bolar: Mastercard kartlarynyñ eýelerine eksklýuziw arzanlaşyklar teklip edilýär

Mart 21, 2025 | 11:45 |7747
Mastercard kartlarynyñ eýeleri Gruziýanyñ belli myhmanhanalarynda dynç almak üçin amatly tekliplerden peýdalanyp bilerler.Mastercard kartlarynyñ eýeleri Gruziýanyñ belli myhmanhanalarynda dynç almak üçin amatly tekliplerden peýdalanyp bilerler.
Çeşme: depositphotos

Mastercard kartlarynyñ eýeleri Gruziýanyñ belli myhmanhanalarynda dynç almak üçin amatly tekliplerden peýdalanyp bilerler. Bu barada Türkmenistanyñ Döwlet daşary ykdysady işler banky habar berýär.

Mastercard kartlary bar bolan bankyñ müşderileri üçin ýörite arzanlaşyklar Tbilisiniñ, Batuminiñ we Kahetiýanyñ hem ajaýyp bäş ýyldyz myhmanhanalarynda, hem-de rahat butik-myhmanhanalarynda hereket edýär.

Tbilisidäki arzanlaşyklar:

Museum Hotel — özboluşly binagärçilikli döwrebap butik-myhmanhanasynda ýaşamaga 15 %. Arzanlaşyk ýerinde töleg amala aşyrylan ýagdaýynda hereket edýär.

Öñünden sargyt edip goýmak: reservation@museumhotel.ge Pullman Tbilisi — şäheriñ merkezindäki Axis Twin Towers belli toplumynda ýerleşen myhmanhanada ýaşamaga 10%. Öñünden sargyt edip goýmak: reservation@pullmantbilisi.com

Radisson Blu Iveria — Kuru derýasyna we köne şähere panorama görnüşli ajaýyp myhmanhanada dynç almaga 20 %. Arzanlaşyk ýerinde hem-de onlaýn görnüşinde töleg amala aşyrylanda hereket edýär. Öñünden sargyt edip goýmak: welcome@silkhospitality.com

Batumidäki teklipler:

Hilton Batumi — Gara deñziñ kenarýakasyndaky bäş ýyldyzly myhmanhanada dynç almaga 15 %. Öñünden sargyt edip goýmak: BUSBT_Reservations@hilton.com, Ana.Kobaladze@Hilton.com

Radisson Blu Batumi — deñze çykýan ajaýyp manzaraly rahat otaglarda dynç almaga 20 %. Arzanlaşyk ýerinde we onlaýn görnüşinde hereket edýär. Öñünden sargyt edip goýmak: welcome@silkhospitality.com

Kahetiýada dynç almak: Tsinandali Estate, A Radisson Collection Hotel — gruzin medeniýetine we tebigatyna hormat goýýanlara birkemsiz laýyk gelýän üzümlikler bilen gurşalan myhmanhanada bolmaga 20 %. Öñünden sargyt edip goýmak: welcome@silkhospitality.com

Park Hotel Tsinandali — Kahetiýanyñ çakyr öndürýän sebitiniñ ýüreginde dynç almaga 20 %. Öñünden sargyt edip goýmak: welcome@silkhospitality.com

Gara deñziñ kenarýakasy:

Castello Mare All Inclusive Resort — Sihisdziri kenaryndan 300 m uzaklykda ýerleşýän deñze çykýan manzaraly myhmanhanada bolmaga 10 %. Öñünden sargyt edip goýmak: reservations@castellomare.com

Mastercard kartlarynyñ eýeleri üçin bu aksiýalar we beýleki ýeñillikler barada giñişleýin maglumatlar mastercard.kz, priceless.com и mtr.mastercard.com saýtlarynda.

Şeýle-de okañ: Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky müşderileri üçin täze hyzmat girizýär

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026