HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi.

Mart 19, 2025 | 02:50 |5611
18-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi18-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi
Çeşme: tdh.gov.tm

18-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi.

HSB-niň Baş sekretary guramanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli geçirilýän serginiň guramaçylyga ýokary baha berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow HSB-niň ýolbaşçysynyň saparynyň çäginde Halkara sergiler býurosynyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisine Dimitri Kerkentzesiniň gatnaşjakdygyna hem-de bu saparyň Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi. Döwlet Baştutany abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek ýurduň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi we Halkara sergiler býurosynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini nygtady. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we bütindünýä ykdysady işini ösdürmekde şeýle hem şeýle hem ykdysady ösüşi we innowasiýalary durmuşa geçirmek üçin halkara sergileriň möhüm ähmiýetini bellediler.

Türkmenistan HSB-niň agzasy bolmak bilen, býuro tarapyndan gurnalýan bütindünýä we ýöriteleşdirilen sergilere işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Prezidenti, şeýle hem Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň işine Türkmenistanyň işjeň gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi we aprel aýynda başlaýan çärä üstünlikleri arzuw etdi. HSB bu serginiň guramaçysy bolup çykyş etýär.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde-de halkara ähmiýetli we ählumumy ösüşi maksat edinýän sergileri geçirmäge, bu ugurda HSB bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklap, Baş sekretara alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.

ORIENT

Ýene-de mowzuk boýunça

Aprel aýynda Osakada Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyna garaşylýar

EXPO 2025 geljege, ýaşaýşa we parahatçylyga ähliumumy ymtylyş hökmünde

Türkmenistan Belgradda geçirilen EXPO-2027-ä gatnaşýandygyny tassyklady

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026