HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Al Sharq: Aşgabat we Doha gaz we ulag pudaklarynda dialogy işjeňleşdirýär

Mart 18, 2025 | 03:05 |4790
Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen geçirilen duşuşykdan soň Kataryň “Al Sharq” gazetine beren interwýusynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin birnäçe teklipleri mälim etdi.Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen geçirilen duşuşykdan soň Kataryň “Al Sharq” gazetine beren interwýusynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin birnäçe teklipleri mälim etdi.
Çeşme: Getty Images

Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen geçirilen duşuşykdan soň Kataryň “Al Sharq” gazetine beren interwýusynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin birnäçe teklipleri mälim etdi.

Raşid Meredowyň sözlerine görä, türkmen tarapy gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin Türkmenistan wekiliýetiniň Katara iş saparyny guramagy teklip etdi. Katar hem öz gezeginde Turgundy-Hyrat demir ýol taslamasy bilen baglanyşykly maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana maýa goýujylar toparyny iberer.

Şeýle hem, “Qatar Airways” awiakompaniýasynyň wekiliýetiniň ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady Türkmenistana iş sapary guralar.

Mundan başga-da, Raşid Meredow Türkmenistanda Kataryň Medeniýet günlerini geçirmek barada başlangyç bilen çykyş etdi, bu pikir, türkmen halkyna Kataryň sungatynyň we medeniýetiniň baý taryhy bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer we iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny berkider.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň başlygy “Al Sharq” gezetiniň habarçysy bilen geçirilen söhbetdeşlikde Kataryň Emiri bilen duşuşygyň netijelerine ýokary baha berdi we mähirli garşylanandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem, Kataryň ýerli we halkara derejesinde gazanan uly üstünliklerini belläp, iki ýurduň parahatçylyk meseleleri baradaky umumy garaýyşlaryny we halkara gatnaşyklarynda dialogyň ähmiýetini nygatdy.

Raşid Meredow, Türkmenistanyň deňhukukly, aç-açanlyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan Katar bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny belledi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026