HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Stambulda Türkmenistanyň Bitaraplygyna we Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan brifing geçirildi

Mart 17, 2025 | 23:55 |4554
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy Stambulda brifing çäresini gurnady. Bu çäre 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilmegi bilen baglylykda ýurduň başlangyçlaryny giňden beýan etmäge gönükdirildiTürkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy Stambulda brifing çäresini gurnady. Bu çäre 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilmegi bilen baglylykda ýurduň başlangyçlaryny giňden beýan etmäge gönükdirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy Stambulda brifing çäresini gurnady. Bu çäre 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilmegi bilen baglylykda ýurduň başlangyçlaryny giňden beýan etmäge gönükdirildi.

Çärä Bahçeşehir uniwersitetiniň ýolbaşçylary, Stambuldaky ýokary okuw mekdepleriniň «Türk dünýäsi» klubynyň wekilleri, türkmen we daşary ýurtly talyplar, şol sanda Azerbaýjan, Özbegistan we Gazagystandan gelen ýaşlar, şeýle hem ýerli metbugat wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsuly Muhammetnur Owezow çykyşynda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylda geçiriljek ýokary derejeli halkara çäreleriniň ähmiýetine ünsi çekdi. Şeýle-de ol, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary, şeýle hem ýurduň häzirki ýyl üçin kesgitlän esasy ugurlary baradaky Konsepsiýa bilen gatnaşyjylary tanyşdyrdy.

Brifingiň dowamynda 2025-nji ýylyň aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy. Ol diňe bir Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen däl, eýsem Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen hem bellenilýän ýyl bolmak bilen, bu döwürde meýilleşdirilen halkara we döwlet derejeli çäreleriň aýratyn manysynyň bardygy beýan edildi.

16032025-stambul-brifing-god-mira-i-doveriya-nejtralitet-turkmenistana (2).jpg

Çäräniň möhüm pursatlarynyň biri bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýazylan «Hakyda Göwheri» atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy boldy.

Stambulda geçirilen brifing parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmek, şeýle hem halkara jemgyýetçiligini Türkmenistanyň içerki we daşarky syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026