HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky müşderileri üçin täze hyzmat girizýär

Mart 15, 2025 | 22:50 |7602
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky syýahat ýa-da iş saparyny amala aşyrýan «MasterСard Gold» we «MasterСard Business» kartlarynyň eýeleri üçin täze hyzmatyň girizilendigini habar berýär.Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky syýahat ýa-da iş saparyny amala aşyrýan «MasterСard Gold» we «MasterСard Business» kartlarynyň eýeleri üçin täze hyzmatyň girizilendigini habar berýär.
Çeşme: wcmassets.kbcbrussels.be

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky syýahat ýa-da iş saparyny amala aşyrýan «MasterСard Gold» we «MasterСard Business» kartlarynyň eýeleri üçin täze hyzmatyň girizilendigini habar berýär.

Hyzmata laýyklykda bankyň müşderileri «Lounge Key» programmasynyň üsti bilen tutuş dünýä boýunça halkara howa menzillerinde bar bolan biznes zallaryna ýylda iki gezek mugt girip bilýärler.

«Lounge Key» programmasy dünýäniň 135 ýurdunda we 450-den gowrak şäherlerinde ýerleşýän 1100-den gowrak biznes zallaryna mugt girmäge, biznes zallaryň kaşaňlygyndan we rahatlygyndan lezzet almaga, sowadylan içgiler we ýeňil naharlanmalardan mugt peýdalanmaga, şeýle hem internet hyzmatyndan, käbir ýerlerde bolsa maslahat zallaryndan peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.

Hyzmatdan 2 görnüş arkaly peýdalanyp bolar:

  1. Halkara howa menziliniň biznes zalyna baryp, degişli bank kartyňyzy biznes zalyň jogapkär işgäre görkezmeli.

  2. «Lounge Key» programmasyny ykjam telefonyňyza ýüklemeli we «QR-kod» döretmeli. Döredilen «QR-kody»jogapkär işgäre görkezmeli. «Lounge Key» programmasyna ykjam goşundynyň üsti bilen ýada www.loungekey.com/wbe-kz, www.loungekey.com/we-kz internet sahypalary arkaly hasaba durup bilersiňiz.

    ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026
Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

Hytaýda tupan wagtynda gark bolan ýük gämisiniň 14 deňizçisiniň ählisi halas edildi

15:00 Noýabr 11, 2026