HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti Weneda BMG-niň neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 68-nji mejlisine gatnaşdy

Mart 15, 2025 | 06:05 |4567
Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky edarasynda geçirilen Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 68-nji mejlisine gatnaşdyTürkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky edarasynda geçirilen Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 68-nji mejlisine gatnaşdy
Çeşme: austria.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky edarasynda geçirilen Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 68-nji mejlisine gatnaşdy. Sessiýa agza döwletleriň we halkara guramalaryň wekillerini ählumumy neşe syýasaty, halkara hyzmatdaşlygy we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş strategiýalarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşmak üçin ýygnandylar.

Sessiýada türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasary Ýazguly Agabaýew ýolbaşçylyk etdi. Çäräniň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň neşe serişdesi bilen baglanyşykly meselelere garşy göreşmeklige gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ugrundaky tagallalaryna ygrarlydygyny tassyklady.Türkmenistanyň wekiliýeti neşe howpuna garşy göreşde hukuk goraýjy çäreler bilen jemgyýetçilik saglygy goraýyş çäreleriniň arasynda deňagramly çemeleşmäniň möhümdigini nygtady.

Şeýle hem Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmäge, neşekeşligi azaltmaga we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen sebit we halkara başlangyçlara işjeň gatnaşýandygy bellenildi.

15032025-turkmenistan-v-sessii-komissii-oon-po-narkoticheskim-sredstvam-v-vene (2).jpeg

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýeti birnäçe ugurdaş çärelere gatnaşdy. Bu meýdançalar halkara kärdeşler bilen öňdebaryjy tejribäni paýlaşmaga we neşe serişdelerine garşy göreş ugrunda ählumumy syýasatyny kämilleşdirmek üçin innowasion çemeleşmeleri öwrenmäge mümkinçilik berdi.

Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 68-nji mejlisiniň işine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy ýurduň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş bilen baglanyşykly älumumy meseleleri çözmekde işjeň ornuny tassyklaýar diýip, Türkmenistanyň Awstriýadaky Ilçihanasynda bellendi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026