HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-de adam söwdasyna garşy Hereketleriň milli meýilnamasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Mart 14, 2025 | 03:21 |5085
13-nji martda Türkmenistanyň DIM-de şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025–2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi13-nji martda Türkmenistanyň DIM-de şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025–2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

13-nji martda Türkmenistanyň DIM-de şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025–2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.

Çärä Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça pudagara toparynyň agzalary, Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow öz çykyşynda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça pudagara topary tarapyndan degişli halkara guramaly, hususan-da Migrasiýa boýunça halkara guramasy (IOM) we Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirligi (UNODC) bilen ýakyndan utgaşyklykda işlenilip taýýarlanylan bu täze resminamanyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Baş prokurory, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça pudagara toparynyň başlygy Begmurat Muhamedow Milli meýilnamanyň bäş bölümden ybarat bolup, ýagny bölümlerde maksatlaýyn çäreleriň, olary durmuşa geçirmegiň möhletleriniň, degişli görkezijileriň, bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmäge jogapkär döwlet edaralaryň kesgitlenendigini nygtady.

14032025-mid-turkmenistana (1).jpg

Bu resminamanyň kabul edilmeginiň, ilkinji nobatda, Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegiň, üpjün etmegiň we goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmaga, adam hukuklary boýunça ýurdumyzyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, ynsanperwer ulgamda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, şeýle hem milli derejede wehimleriň öňüni almak bilen bagly işleri üns merkezinde saklamaga gönükdirilendir.

Tanyşdyrylyş çäresine gatnaşyjylar resminamada berkidilen wezipeler we strategiki ugurlar bilen jikme-jik tanyşdylar hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen bagly pikir alyşdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026