HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda maldarçylyk pudagyny ösdürmek boýunça täze taslama

Mart 13, 2025 | 04:05 |5315
Türkmenistanda et we süýt önümçiligini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli maldarçylyk taslamasy başlanýar. Degişli Karara çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdiTürkmenistanda et we süýt önümçiligini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli maldarçylyk taslamasy başlanýar. Degişli Karara çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanda et we süýt önümçiligini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli maldarçylyk taslamasy başlanýar. Degişli Karara çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Döwlet maldarçylyk we guşçulyk senagaty birleşigi «Altyn halka» döwlet kärhanasy üçin maldarçylyk fermasynyň taslamasyny taýýarlar.

Taslama bar bolan desgalary täzeden dikeltmegi we täze binalary gurmagy, olary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Karara laýyklykda, Döwlet birleşigi degişli oba hojalyk enjamlaryny, ýöriteleşdirilen ulag serişdelerini we ýokary öndürijilikli iri şahly mallary satyn almaly.

Döwlet Baştutany sargytçyny degişli işleri mart aýynda başlamaga borçlandyrdy we maldarçylyk fermasynyň hut bir ýyl soň ulanylyşa berilmelidigini belledi.

Bu taslamanyň maldarçylyk pudagynyň netijeliligini ýokarlandyryp, Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyna möhüm goşant goşmagyna garaşylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026