HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Gyrgyzystan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Mart 12, 2025 | 14:00 |4226
Gyrgyz Respublikasyndaky Türkmenistanyñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Goliýew GR-nyñ ykdysadyýet we söwda ministriniñ orunbasary S.Bolotow bilen duşuşdy.Gyrgyz Respublikasyndaky Türkmenistanyñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Goliýew GR-nyñ ykdysadyýet we söwda ministriniñ orunbasary S.Bolotow bilen duşuşdy.
Çeşme: orient.tm

11-nji martda Gyrgyz Respublikasyndaky Türkmenistanyñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Goliýew GR-nyñ ykdysadyýet we söwda ministriniñ orunbasary S.Bolotow bilen duşuşdy.

Duşuşygyñ barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giñeltmek mümkinçilikleri, şol sanda GR-nyñ işewür wekiliýetiniñ Türkmenistana amala aşyrjak sapary we hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar hyzmatdaşlygy giñeltmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmasyny bildirip, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm kuwwatyñ bardygyny bellediler. Munuñ bilen baglylykda, ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen täze ikitaraplaýyn ylalaşyklary taýýarlamak meselelerine hem garaldy.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar 2025-nji ýylyñ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýokary derejedäki çärelere we munuñ bilen baglanyşykly beýleki çärelere gatnaşmagyñ zerurlygyny tassykladylar.

Duşuşygyñ ahyrynda gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri we ozal ýokary derejede ýetilen ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli gatnaşyklary güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026