HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Beýik Britaniýanyň ýokary bilim ulgamynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mart 11, 2025 | 18:50 |5498
Şu gün Aşgabatda British Education Network (BEN), London Uniwersitetiniň wekilleri we AD Education UK Geňeşiniň direktory, professor Dewid Beýker bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginde geçirilen bu duşuşyk, türkmen-britan bilim hyzmatdaşlygyny berkitmegiň möhüm tapgyry boldyŞu gün Aşgabatda British Education Network (BEN), London Uniwersitetiniň wekilleri we AD Education UK Geňeşiniň direktory, professor Dewid Beýker bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginde geçirilen bu duşuşyk, türkmen-britan bilim hyzmatdaşlygyny berkitmegiň möhüm tapgyry boldy
Çeşme: education.gov.tm

Şu gün Aşgabatda British Education Network (BEN), London Uniwersitetiniň wekilleri we AD Education UK Geňeşiniň direktory, professor Dewid Beýker bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginde geçirilen bu duşuşyk, türkmen-britan bilim hyzmatdaşlygyny berkitmegiň möhüm tapgyry boldy.

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew, 2025-nji ýylyň Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigini belledi. Şeýle hem, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilmegi ýurduň durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda 2024–2025-nji ýyllar aralygynda bilelikdäki taslamalaryň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanda:

-Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara reýtinglerindäki ýokary görkezijileri (THE Impact Rankings 2024, UI GreenMetric World University Ranking);

-Merkezi Aziýada iňlis dilini okatmagy kämilleşdirmek boýunça «Accelerating English Language Learning in Central Asia» taslamasynyň çäginde häzirki zaman okuw usullary boýunça üstünlikli geçirilen okuw-seminarlary;

-Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen geçirilen onlaýn maslahatlar.

Britan wekiliýeti Türkmenistanda "British International University"-ni döretmek boýunça taslamalary we London Uniwersitetiniň baý tejribesi barada giňişleýin maglumatlary hödürledi. British Education Network platformasy we London Uniwersitetiniň tejribesi dünýäniň 40 ýurdunyň 100-den gowrak hyzmatdaş guramasy bilen işleşýän, 17 abraýly kolleji öz içine alýan, mundan beýläkki hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin berk esas bolup hyzmat edýär.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu başlangyçlaryň bilim ulgamynda bilim we tejribe alyşmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny hem-de hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigini nygtadylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026