HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Döwlet medeniýet institutynda “Türkmenistanyň taryhy” ders bäsleşigi geçiriler

Mart 11, 2025 | 09:40 |9087
2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Türkmenistanyň taryhy” ders bäsleşigi geçirilýär2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Türkmenistanyň taryhy” ders bäsleşigi geçirilýär
Çeşme: education.gov.tm

2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Türkmenistanyň taryhy” ders bäsleşigi geçirilýär. Bu barada TBM-niň web sahypasynda habar berilýär.

Ders bäsleşigine gatnaşmaklyga isleg bildirýän talyplar 2025-nji ýylyň 28-nji martyna çenli institutyň tdmi.info@mail.ru elektron salgysynda hasaba alynýar. Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň her birinden bir toparyň gatnaşmagyna hukuk berilýär.

“Türkmenistanyň taryhy” ders bäsleşigi toparlaýyn bäsleşik görnüşinde geçirilip, topar agzalary 4 (dört) talypdan ybarat bolmalydyr. Topara öz aralaryndan bir agzasyny toparbaşy saýlamaklyga ygtyýar berilýär.

Bäsleşige gatnaşýan ýokary okuw mekdebi bäsleşige 25 sany test sowalyny hödürläp biler. Teklip edilýän test soraglary “Türkmenistanyň taryhy” dersine we türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň eserlerine degişli bolup biler.

Bäsleşige gatnaşjak talyplar we jogapkär mugallym baradaky maglumatlary hem-de ýokary mekdepleri öz taýýarlan testlerini (25 sany) 2025-nji ýylyň mart aýynyň 28-ine çenli görkezilen nusga laýyklykda word (*.docx) faýlynda) tdmi.info@mail.ru salgysyna ugratmaly.

Bäsleşige hödürlenilýän testleri işlemek talyplara üçin 1 sagat wagt beriler.

Habarlaşmak üçin tel: 482861, +99365056749.

Elektron salgy: tdmi.info@mail.ru

Bäsleşigiň düzgünnamasy

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026