HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin ders bäsleşigi yglan edildi

Mart 11, 2025 | 09:37 |9152
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýyly mynasybetli orta mekdepleriň 10-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Bilim-üstünlige eltýän ýol” atly ders bäsleşigini yglan etdiTürkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýyly mynasybetli orta mekdepleriň 10-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Bilim-üstünlige eltýän ýol” atly ders bäsleşigini yglan etdi
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýyly mynasybetli orta mekdepleriň 10-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Bilim-üstünlige eltýän ýol” atly ders bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşik Matematika, Fizika, Himiýa we Biologiýa dersleri boýunça 2 tapgyrda geçiriler. Bäsleşigiň 1-nji tapgyry telebäsleşik görnüşinde teleýaýlymyň üsti bilen SMS ulgamy arkaly turkmentw.gov.tm web sahypasy arkaly geçiriler.

Sowallar test görnüşinde bolup, 60 sowalyň 50-sine dogry jogap beren okuwçylar bäsleşigiň 2-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar. Bäsleşigiň jemleýji final tapgyry oňa gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylara ýörite SMS ugradylar we şahsy gatnaşmaklary esasynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Bäsleşige 2024-2025-nji okuw ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň guramagynda degişli ders boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri, döwlet derejesinde geçirilen ders bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlarynyň ýeňijileri, Bilim ministrligi tarapyndan saýlanyp degişli dersler boýunça halkara bäsleşiklere iberilen ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň agzalary birinji saýlama tapgyryna gatnaşmazdan ikinji final tapgyryna gatnaşyp bilerler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan diplomlar we höweslendiriji sylaglar gowşurylar.

Bäsleşige hasaba alynmak üçin 0530 gysga belgisine S25 kodyny ugradyp bilersiňiz!

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi - 44-85-42;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Mahabat” müdirligi: 44-24-97.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026
Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

21:43 Sentýabr 17, 2026