HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda zenanlaryň diplomatiýadaky we parahatçylyk gurmakdaky orny ara alnyp maslahatlaşyldy

Mart 10, 2025 | 16:25 |5991
«Zenanlar diplomatiýada halkara hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we durnukly ösüşi ilerletmekde möhüm orun eýeleýärler», – diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Aşgabadyň BMG-niň öýünde geçirilen «Häzirki zaman diplomatiýasy: zenan liderler bilen gepleşik» atly panel duşuşygyny açdy«Zenanlar diplomatiýada halkara hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we durnukly ösüşi ilerletmekde möhüm orun eýeleýärler», – diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Aşgabadyň BMG-niň öýünde geçirilen «Häzirki zaman diplomatiýasy: zenan liderler bilen gepleşik» atly panel duşuşygyny açdy
Çeşme: BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy

«Zenanlar diplomatiýada halkara hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we durnukly ösüşi ilerletmekde möhüm orun eýeleýärler», – diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Aşgabadyň BMG-niň öýünde geçirilen «Häzirki zaman diplomatiýasy: zenan liderler bilen gepleşik» atly panel duşuşygyny açdy. Bu çäre Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň guramagynda geçirildi. Duşuşyk diplomatiýa ulgamyndaky zenan liderleri, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekillerini, telekeçi zenanlary we ýaşlary jemläp, zenanlaryň diplomatiýada, parahatçylyk gurmakda we liderlikdäki ornuny açyp görkezmek maksadyna hyzmat etdi.

Panel diskussiýasynyň gatnaşyjylarynyň hatarynda: ÝUNISEF-niň wekili Jalpa Ratna, ÝB ilçisi Beata Peksa, Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat, ÝUNESKO-nyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa bar.

10032025-rol-zhenshchin-v-diplomatii (2).jpg

Diskussiýanyň dowamynda diplomatiýada hünär ýoluny guramak, liderlikde ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmek we zenanlaryň parahatçylyk gurmakdaky roly ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar öz tejribeleri, kynçylyklar we gazanan üstünlikleri bilen paýlaşyp, ýaş zenanlary halkara gatnaşyklar we diplomatiýa ugurlarynda hünär ýoluny gurmaga höweslendirdiler. Çäräniň dowamynda dolandyryş ulgamynda gender deňligini üpjün etmegiň we inklýuziw, durnukly hem-de parahat gelejek gurmak üçin bilelikdäki tagallalaryň ähmiýeti nygtaldy.

Dünýä liderlikde we karar kabul etmekde gender deňligine ýetmäge ymtylýan wagty, bu diskussiýa zenanlaryň diplomatiýadaky hukuklaryny giňeltmegiň möhümdigini görkezdi. BMG-niň Türkmenistandaky edarasynyň metbugat beýannamasynda «Zenanlaryň sesini has hem güýçlendirmek we halkara gatnaşyklarda olara has giň mümkinçilikleri döretmek bilen, BMG zenan liderligini goldamagy we has adalatly, deňhukukly dünýä gurmakda olaryň ornuny berkitmegi dowam etdirýär» diýlip bellenildi.

10032025-rol-zhenshchin-v-diplomatii (3).jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026