HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaşlaryň arasynda suhangöýlük sungaty boýunça bäsleşik yglan edildi

Mart 03, 2025 | 23:30 |11173
Türkmenistanda zehinli, dile çeper, suhangöý ýaşlary ýüze çykarmak, pederlerimizden miras galan ene dilimiziň baýlyklaryny açyp görkezmek maksady bilen suhangöýlük sungaty boýunça bäsleşik yglan edildiTürkmenistanda zehinli, dile çeper, suhangöý ýaşlary ýüze çykarmak, pederlerimizden miras galan ene dilimiziň baýlyklaryny açyp görkezmek maksady bilen suhangöýlük sungaty boýunça bäsleşik yglan edildi
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanda zehinli, dile çeper, suhangöý ýaşlary ýüze çykarmak, pederlerimizden miras galan ene dilimiziň baýlyklaryny açyp görkezmek maksady bilen suhangöýlük sungaty boýunça bäsleşik yglan edildi.

Bäsleşigi geçirmekligiň anyk senesi ýokary okuw mekdepleriniň rektorlygy tarapyndan kesgitlener we 2025-nji ýylyň aprel aýynyň ahyryna çenli ýokary hünär bilim edaralarynyň ählisinde geçirilip tamamlanar.

Bu bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, oňa gatnaşmaga isleg bildirenlere deslapky saýlama tapgyr guralar we onda ýokary okuw mekdepleriniň rektorlygy tarapyndan – häzirki zaman türkmen jemgyýeti, türkmen dili, Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary derslerinden hem-de Türkmenistanyň daşary syýasaty, türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň gymmatly eserleri boýunça sowalnama taýýarlanyp, onuň netijesinde döwlet syýasatymyzy wagyz etjek “Ýaş wagyzçynyň” bilim derejesi barlanar we ýokary netije görkezenler bäsleşigiň ikinji tapgyryna geçmäge hukuk gazanarlar.

Ikinji tapgyrda bäsleşige gatnaşyjylara “Türkmenistanyň daşary syýasaty we hemişelik Bitaraplygy” atly tema boýunça çykyş edip, öz mümkinçiliklerini görkezmäge hem pursat dörediler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňiji bolan ýaşlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Ýaş wagyzçylar” toparynyň agzasy bolmaga hukuk gazanarlar, hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanarlar.

Şeýle-de bäsleşige degişli ministrliklerden hem-de jemgyýetçilik guramalaryndan wekilleriň hem gatnaşyp biljekdikleri habar berilýär.

Bäsleşik baradaky giňişleýin maglumatlar bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň web sahypasynda tanşyp bilersiňiz!

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026