HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Birinji Halkara IFT 2025 forumy: Türkmenistanyň hususy bölegi üns merkezinde

Mart 03, 2025 | 10:15 |6851
Forumyň bürünç hyzmatdaşy bolan “Karub” türk kompaniýasynyň gatnaşmagy çärä aýratyn ähmiýet goşýar.  “Karub” özüniň innowasion çemeleşmeleri we üstünlikli taslamalary bilen belli bolup, çäräniň halkara derejesini we onuň ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde wajyplygyny açyp görkezýär.Forumyň bürünç hyzmatdaşy bolan “Karub” türk kompaniýasynyň gatnaşmagy çärä aýratyn ähmiýet goşýar.  “Karub” özüniň innowasion çemeleşmeleri we üstünlikli taslamalary bilen belli bolup, çäräniň halkara derejesini we onuň ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde wajyplygyny açyp görkezýär.
Çeşme: ift.com.tm

“Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” IFT 2025 hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça birinji Halkara forumy 2025-nji ýylyň 18-nji martynda geçirilip, ol Türkmenistanyň hususy bölegi üçin möhüm waka bolmak bilen, bir meýdançada ekspertleri, maýadarlary we işewürligiň wekillerini birleşdirer.

Forum maýa goýum we durnukly ösüş babatda türkmen we daşary ýurt hünärmenleriň arasynda tejribe, bilim we iň gowy usullary alyşmak üçin professional meýdança hökmünde meýilleşdirildi. Forumyň bürünç hyzmatdaşy bolan “Karub” türk kompaniýasynyň gatnaşmagy çärä aýratyn ähmiýet goşýar. “Karub” özüniň innowasion çemeleşmeleri we üstünlikli taslamalary bilen belli bolup, çäräniň halkara derejesini we onuň ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde wajyplygyny açyp görkezýär. 1

Kompaniýa, hususan-da, nebitgaz pudagy üçin mehaniki enjamlaryň, materiallaryň we çig mallaryň üpjün edilmegine ýöriteleşdirilendir. Gurluşyk pudagy boýunca kompaniýa döwlet taslamalary bilen meşgullanyp, her tapgyrda ýokary hili üpjün edýär.

Berk ählumumy hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň we ýokary taýýarlykly toparyň netijesinde, “Karub” kompaniýasy özüniň pudaklaýyn bilimlerini we tutuş dünýä boýunça üpjün ediji zynjyrlary babatdaky çözgütlerini giňeltmegi dowam edýär. Şu günki gün “Karub” kompaniýasy dünýä derejesinde özüniň ygtybarlygyny we ýokary hünär taýýarlygyny subut etdi. Kompaniýanyň täjirçilik işi Merkezi Aziýanyň, şol sanda Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň döwlet edaralaryna gönükdirilendir. 2

“Karub” elektronika, gurluşyk, awtomobil we oba hojalyk senagaty ýaly pudaklary ýokary hilli çig-mallar bilen üpjün etmekde, şeýle hem buraw desgalaryň we nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň gurnalmagy we işledilmegi üçin zerur bolan materiallar bilen üpjün etmekde möhüm orun tutýar.

Häzirki wagtda 26 ýurduň 200-den gowrak wekili IFT 2025 forumyna gatnaşmaklaryny tassykladylar. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň hususy böleginiň ösüşine degişli möhüm meseleler, şeýle hem ýurduň ykdysadyýetiniň strategiki taýdan möhüm pudaklaryna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we maýa goýumlary çekmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Gatnaşmak şertleri boýunça giňişleýin maglumatlary çäräniň saýtynda tapyp bolar:https://ift.com.tm/

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fujifilm retro stiline bolan gyzyklanmanyň artmagy bilen täze bir gezek ulanylýan foto enjamlaryny çykarýar

Fujifilm retro stiline bolan gyzyklanmanyň artmagy bilen täze bir gezek ulanylýan foto enjamlaryny çykarýar

13:25 Iýul 07, 2026
Türkmenistanyň ilçisi Saud Arabystanynyň Ylmy merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Saud Arabystanynyň Ylmy merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

13:00 Iýul 07, 2026
Kasym-Žomart Tokaýew gazagystanlylary Paýtagtyň güni bilen gutlady

Kasym-Žomart Tokaýew gazagystanlylary Paýtagtyň güni bilen gutlady

11:00 Iýul 07, 2026