HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sungat diýmek näme? Bilýärmisiňiz? - G.Ezizowyň 85 ýyllygy mynasybetli döredijilik sergisi açylýar▶️

Fewral 28, 2025 | 18:30 |13840
2025-nji ýylyň mart aýynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sungat galereýasynda XX asyryň türkmen edebiýatynda özboluşly şygyrlary bilen öçmejek yz galdyran görnükli şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp, “Ynam” atly döredijilik sergisi açylar2025-nji ýylyň mart aýynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sungat galereýasynda XX asyryň türkmen edebiýatynda özboluşly şygyrlary bilen öçmejek yz galdyran görnükli şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp, “Ynam” atly döredijilik sergisi açylar
Çeşme: Guramaçylar tarapyndan berlen

2025-nji ýylyň mart aýynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sungat galereýasynda XX asyryň türkmen edebiýatynda özboluşly şygyrlary bilen öçmejek yz galdyran görnükli şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp, “Ynam” atly döredijilik sergisi açylar. Sergide zehinli hem ussat suratkeşler Gahryman Goçmyradowyň, Begenç Berkeliýewiň, Amanmyrat Modyýewyň, Rahman Rahmanowyň, Perhat Işangulyýewiň eserleri hödürlener.

Döredijilik, sungat diýenimizde öz-özünden G.Ezizowyň “Sungat näme” diýen şygry ýadyňa düşýär:

Sungat diýmek näme?
Bilýärmisiňiz?
Ele alýarlar-da ýiti keseri.
Lokga daşyň ähli artyk bölegin.
Ýonup, döredýärler ajap eseri.

Sungat diýmek näme?
Bilýärmisiňiz?
Bu sowala sada jogap bermeli.
Biz herimiz özümiziň zergärmiz,
Mydam özümizi ýönup ýörmeli.

Elbetde sungatda “ynam” düşünjesi diňe bir abstrakt düşünje bolman, eýsem adam gatnaşyklarynyň ähli taraplaryna: şahsy baglanyşykdan, daşarky dünýä bilen gatnaşyklara çenli aralaşýan esasy zerurlykdyr.

Beýik şahyryň doglan güni mynasybetli guraljak “Ynam” sergisi hem görnükli bäş suratkeşiň eserlerini özüne birleşdirýän ajaýyp sungat taslamasy bolup, olaryň her biri ynam düşünjesini özboluşly düşündirýär.

Sergide görkeziljek eserler nakgaşlyk sungatyndan instalýasiýa çenli dürli ugurlary öz içine almak bilen, tomaşaçylara çuňňur we köptaraply tejribäni wada berýär. Sebäbi sergide eserleri hödürlenjek her bir suratkeş, içki gowşaklyk, bitewilige bolan çemeleşme, umyt, lapykeçlik ýaly ynamyň dürli taraplaryny ýüze çykarmagy başarýar.

Açyk wizual şekiller we içgin görnüşler arkaly suratkeşler diňe bir şahsy tejribelerini açyp görkezmek bilen çäklenmän, tomaşaçylary bu göze görünmeýän, ýöne bahasyna ýetip bolmajak baglanyşygyň ähmiýeti baradaky söhbetdeşlige çagyrýarlar.

“Ynamyň” sungat giňişliginde nähili janlanýandygyny görmek we onuň gündelik düşünjämiziň bir bölegine nähili öwrülýändigini duýmak mümkinçiligi Size garaşýar!

Sergi 1-nji martda sagat 17:00-da açylyp, öz işini bir aý dowam eder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026
Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

21:43 Sentýabr 17, 2026