HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Innowasiýa taslamalary boýunça ýaşlaryň arasynda geçiriljek bäsleşige hasaba almaklyk dowam edýär

Fewral 26, 2025 | 18:30 |10458
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde gurnamagynda 2025-nji ýylyň 18-19-njy apreli aralygynda ýaşlaryň arasynda innowasiýa taslamalary boýunça geçirilýän “ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly bäsleşige gatnaşyjylary hasaba alynmaklyk dowam edýärTürkmenistanyň Bilim ministrliginiň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde gurnamagynda 2025-nji ýylyň 18-19-njy apreli aralygynda ýaşlaryň arasynda innowasiýa taslamalary boýunça geçirilýän “ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly bäsleşige gatnaşyjylary hasaba alynmaklyk dowam edýär
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde gurnamagynda 2025-nji ýylyň 18-19-njy apreli aralygynda ýaşlaryň arasynda innowasiýa taslamalary boýunça geçirilýän “ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly bäsleşige gatnaşyjylary hasaba almaklyk dowam edýär.

Bäsleşik şu aşakdaky ýedi ugur boýunça geçirilýär:

Emeli aň;

Robototehnika we awtomatizasiýa;

Akylly oba hojalyk tehnologiýalary;

Akylly şäher;

Bilim we elektron okuwy;

Sanly lukmançylyk;

Hyzmatlar ulgamy boýunça.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw binasynda geçiriljek bäsleşige gatnaşyjylar özüniň hödürleýän taslama işiniň manysyny, işiň wajyplygyny, ähmiýetini, netijäni beýan edýän 5-10 sahypadan ybarat bolan nutuk taýýarlamaly, taýýarlanan nutugy pdf görnüşe getirip, aprel aýynyň 15-ne çenli elektron poçtanyň kömegi bilen görkezilen elektron salga (ictstartaptdei@gmail.com) ugratmalydyrlar. Gatnaşyjy bäsleşigiň deslapky tapgyryň çykyşynda diňe bir nutuk bilen çäklenmän eýsem, prezentasiýaly ýa-da wideo görnüşli tanyşdyryşlar bilen hem çykyş etmelidir.

Gatnaşyjylar tarapyndan hödürlenen taslamalar aşakda görkezilen görnüşleriniň haýsyda bolsa birine degişli bolmalydyr: kiçi telekeçiligi döretmek bilen bagly taslamalar; satyn almaga degişli bolan taslamalar; uly göwrümli taslamalar; döredijilik taslamalary; sosial taslamalar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýaşlar bäşleşige toparlaýyn görnüşde ýa-da aýry-aýrylykda-da gatnaşyp bilerler.

Ýeňijiler Bilim ministrliginiň Diplomlary, Minnetdarlyk hatlary, Hormat hatlary bilen sylaglanarlar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin hasaba durmaklyk şu salgyda:

https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLScj-ka0Uu5yUSo4ORbj2qMJMOmBRjjLAqsQ9o2Y2pJMr8Tmtg/viewform?usp=header

Habarlaşmak üçin Tel:

+993 522 5-75-02;
+993 62 65 88 55.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026