HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara zenanlar güni mynasybetli zenan mugallymlaryň we talyp gyzlaryň arasynda sport ýaryşlary geçiriler

Fewral 25, 2025 | 23:00 |12367
2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 3-7-nji marty aralygynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramaklarynda «Sagdyn we ruhubelent zenan bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr» şygary bilen ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriň zenan mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 3-7-nji marty aralygynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramaklarynda «Sagdyn we ruhubelent zenan bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr» şygary bilen ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriň zenan mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler
Çeşme: orient.tm

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 3-7-nji marty aralygynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramaklarynda «Sagdyn we ruhubelent zenan bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr» şygary bilen ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriň zenan mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Ýaryşlaryň açylyş dabarasy Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda 3-nji martda sagat 15:00-da geçiriler. Açylyş dabarasyna her ýokary okuw mekdepden 10 sany tassyklanan sport geýimli talyplar ýokary okuw mekdepleriniň ady ýazylan nyşan bilen gatnaşyp bilerler. Ýaryşa gatnaşjak topar wekilleriniň maslahaty 1-nji martda sagat 14:00-da Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň baş binasynyň Mejlisler zalynda bolar.

Zenan talyplaryň we mugallymlaryň arasynda ýaryşlaryň ýeňijileri toparlaýyn görnüşde bahalandyrmagyň esasynda saýlanýar. Ýaryş sportuň basketbol, küşt, stol tennisi, woleýbol, tennis ýaly görnüşleri boýunça geçirilýär. Sport ýaryşlaryna gatnaşmaklyga lukmançylyk netijeleri esasynda bellenen nusgada goýbermeklige rugsady bolan, bedenterbiýe-sport türgenleşik sapaklaryna yzygiderli gatnaýan zenan talyplar we mugallymlar goýberilýär.

Baýrakly orunlary eýelän toparlar guramaçylar tarapyndan taýýarlanan sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglanarlar.

Sport ýaryşlarynyň düzgünnamasy şu salgyda.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026