HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täjik mekdep okuwçylary emeli aň tehnologiýasyny öwrenýärler

Fewral 24, 2025 | 20:45 |5238
Täjikistan, ýaş nesli sanly döwrüň çäksiz mümkinçiliklerine taýynlamak maksady bilen, emeli aň (EA) tehnologiýasyny bilim prosesine ornaşdyrmak üçin ädimler ädýär. EA derslerini mekdep okuw maksatnamasyna goşmak boýunça, başlangyçda ýurduň bäş mekdebini öz içine alýan bu taslama, 2025-nji ýylyň ýanwarynda, ýene bäş okuw jaýy bilen giňeldi. Olaryň her birisinde ortaça 15–20 okuwçy iň täze tehnologiýalary öwrenýärTäjikistan, ýaş nesli sanly döwrüň çäksiz mümkinçiliklerine taýynlamak maksady bilen, emeli aň (EA) tehnologiýasyny bilim prosesine ornaşdyrmak üçin ädimler ädýär. EA derslerini mekdep okuw maksatnamasyna goşmak boýunça, başlangyçda ýurduň bäş mekdebini öz içine alýan bu taslama, 2025-nji ýylyň ýanwarynda, ýene bäş okuw jaýy bilen giňeldi. Olaryň her birisinde ortaça 15–20 okuwçy iň täze tehnologiýalary öwrenýär
Çeşme: tj.sputniknews

Täjikistan, ýaş nesli sanly döwrüň çäksiz mümkinçiliklerine taýynlamak maksady bilen, emeli aň (EA) tehnologiýasyny bilim prosesine ornaşdyrmak üçin ädimler ädýär. EA derslerini mekdep okuw maksatnamasyna goşmak boýunça, başlangyçda ýurduň bäş mekdebini öz içine alýan bu taslama, 2025-nji ýylyň ýanwarynda, ýene bäş okuw jaýy bilen giňeldi. Olaryň her birisinde ortaça 15–20 okuwçy iň täze tehnologiýalary öwrenýär.

Synag mekdeplerde taslamanyň girizilmeginden ozal, okuwçylaryň sanly tehnologiýalar babatda bilim derejeleri barlanyldy. Munuň özi maksatnamany olaryň zerurlyklaryna laýyklykda uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Mugallymlar çaltlaşdyrylan taýýarlyk okuwlaryny geçip, EA başlangyç esaslaryny we olary okatmagyň usulyýetini özleşdirdiler diýip, Asia plus habar berýär.

Bu maksatnama, orta we ýokary synp okuwçylaryna gönükdirilen bolup, emeli aň tehnologiýasynyň esaslaryny öwrenmegi, onuň saglygy goraýyş, ylym, bilim we beýleki ugurlarda nähili ulanylýandygyny görkezmegi maksat edinýär. Okuwçylar, dürli amaly meseleleri çözýärler, tankydy pikirlenme ukyplaryny ösdürýärler we maglumatlary işlemekde tejribe gazanýarlar. Okuwyň soňky tapgyrynda, okuwçylar özbaşdak taslamany ýerine ýetirip, gazanylan bilimlerini we ukyplaryny görkezip bilerler.

2026-njy ýyla çenli, EA dersleriniň Täjikistandaky ähli mekdeplerde okuw maksatnamasyna goşulmagy meýilleşdirilýär. Bu uly taslama, ýurduň her bir okuwçysynyň emeli aň ekoulgamyna gatnaşmagyny üpjün etmegi we olaryň bu tehnologiýalar boýunça ykjam bilim almagyny gönükdirlendir.

EA-ň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy, okuwçylaryň sanly bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, ýurduň innowasion mümkinçilikleriniň ösüşine hem ýardam edýär. Bu başlangyç, 2040-njy ýyla çenli Täjikistanda öňdebaryjy tehnologiýalaryň jemi içerki önümiň (JIP) 5%-ni emele getirýän, Milli emeli aň strategiýasyna laýyklykda, ýaşlary ählumumy derejesinde tehnologiýa özgerişlerine işjeň goşulmaga taýýarlaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026