HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

IFT 2025: Türkmenistanyň hususy böleginiň täze gözýetimlerine ünsüň çekilmegi

Fewral 25, 2025 | 09:30 |6628
Şu ýylyň 18-nji martynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2025) atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça ilkinji Halkara forumyna çenli bir aýdan az wagt galdy.Şu ýylyň 18-nji martynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2025) atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça ilkinji Halkara forumyna çenli bir aýdan az wagt galdy.
Çeşme: www.ift.com.tm

Şu ýylyň 18-nji martynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2025) atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça ilkinji Halkara forumyna çenli bir aýdan az wagt galdy.

IFT 2025 bu işewür aragatnaşyklary ýola goýmak, taslamalary hödürlemek we tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Forum Türkmenistanyň maýa goýumlar we durnukly ösüş üçin özüne çekiji ugur hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagynda möhüm ädim bolar.

Häzirki wagtda bu çäre Hytaý, Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Estoniýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Germaniýa, Ukraina, Täjigistan ýaly dürli ýurtlaryň 200-e golaý kompaniýalarynyň ünsüni özüne çekdi.

Forumyň barşynda Türkmenistanyň iri kompaniýalary özüniň maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrarlar, 17-19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçiriljek sergi bolsa Türkmenistanyň hususy böleginiň dürli pudaklarda gazanan üstünliklerini aýdyň açyp görkezer.

Foruma öňdebaryjy halkara maliýe institutlaryň we guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, Ýewraziýanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri hem gatnaşar. Olaryň gatnaşmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň derwaýys meselelerini we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem täze hyzmatdaşlygyň ýollaryny goýmaga mümkinçilik berer.

IFT 2025 guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesi hem-de Söwda-senagat edarasy “TMT Consulting Group” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde çykyş edýärler.

Giňişleýin maglumatlar çäräniň resmi saýtynda elýeterlidir: https://www.ift.com.tm

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026