1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar


Türkmenistan 2026–2027-nji täze okuw ýylyna taýýarlyk görýär. Baýramçylyk çärelerine we ylym-bilim ulgamynyň desgalaryny ulanmaga berilmegine görülýän taýýarlygyň barşy 28-nji awgust, anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
1-nji sentýabrda geçiriljek esasy wakalaryň hatarynda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň açylyşy bolar.
Baýramçylyk senesine gabatlap, Ahal welaýatynda 960 orunlyk orta mekdebiň we 320 orunlyk çagalar bagynyň, Daşoguz welaýatynda 240 orunlyk çagalar bagynyň, şeýle hem Lebap welaýatynda 1 müň orunlyk 2 sany orta orta mekdebiň ulanmaga berilmegi hem meýilleşdirilýär.
Däp bolşy ýaly täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygar bilen geçiriler. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllynda ýetilen sepgitlere, döwletiň daşary we içeri syýasatyna, şeýle hem ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamaga bagyşlanar.
Ýurdun ähli künjeklerinde 1-nji synpa kabul edilen okuwçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan “Bilimli” noutbuk kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli möhüm wakalaryň ýene biri ýurduň talyplary we mekdep okuwçylary üçin umumy sapagyň geçirilmegi bolar. Umumy sapak 2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň “Ruhyýet” köşgünde geçiriler.







