HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň käbir welaýatlarynda sişenbe güni garyň ýagmagyna garaşylýar

Fewral 24, 2025 | 13:20 |6954
Ertir, 25-nji fewralda howa hünärmenleri Türkmenistanyň käbir welaýatlarynda garyň ýagmagyny çaklaýarlar. Hususan-da, garly howa Aşgabatda, Türkmenabatda we Maryda aralaşar, Daşoguzda we Balkanabatda bulutly ýagynsyz howa bolar.Ertir, 25-nji fewralda howa hünärmenleri Türkmenistanyň käbir welaýatlarynda garyň ýagmagyny çaklaýarlar. Hususan-da, garly howa Aşgabatda, Türkmenabatda we Maryda aralaşar, Daşoguzda we Balkanabatda bulutly ýagynsyz howa bolar.
Çeşme: orient.tm

Ertir, 25-nji fewralda howa hünärmenleri Türkmenistanyň käbir welaýatlarynda garyň ýagmagyny çaklaýarlar. Hususan-da, garly howa Aşgabatda, Türkmenabatda we Maryda aralaşar, Daşoguzda we Balkanabatda bulutly ýagynsyz howa bolar.

Aşgabatda gar ir bilen ýagyp başlar we günortana çenli dowam eder. Howa gijesine -2, gündiz bolsa +1 gradusa çenli bolar. Çarşenbe güni güneşli howanyň boljagy bellenilýär.

Türkmenabatda irden ýagyş ýagyp, soňra gara öwrüler. Sagat 11:00 çenli gar ýagmagyny bes eder. Howa 0...-3 derejede bolar. Çarşenbe güni howanyň güneşli bolmagyna garaşylýar.

Maryda duşenbeden sişenbe güne geçilýän gije gar gatyşykly ýagyş ýagyp, irdene çenli dowam eder. Gündiziň dowamynda bulutly howa bolar. Gije howa 0 gradusa çenli peseler, gündizine bolsa +3 gradus bolar.

Daşoguzda we Balkanabatda ýagynlaryň ýagmagy çaklanylmaýar, emma howa bulutly bolar. Daşoguz welaýatynda garyň düýn, ýagny 23-nji fewralda ýagandygyny bellemeli. Ertir ýurduň demirgazyk welaýatynda howa -3...-1 gradus aralygynda bolar. Balkanabatda sişenbe güni howa -2...+5 gradus bolar.

Ýagynly welaýatlaryň ýaşaýjylaryna syýahatlary meýilleşdirenlerinde howa şertlerini hasaba almaklary we ýolda seresap bolmaklary maslahat berilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026