HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda saýlaw işini guramak boýunça taýýarlygy kämilleşdiriş okuwlar geçirildi

Fewral 24, 2025 | 14:39 |5036
Türkmenistanda BRIDGE (Building Resources in Democracy, Governance, and Elections) usulyýeti boýunça dört günlük okuwlar geçirildi. BRIDGE usulyýeti interaktiw çemeleşme bolup, topar ýumuşlary, amaly ýagdaýlaryň derňewlerini we amaly ýumuşlaryň ýerine ýetirilşini öz içine alýar. Munuň özi gatnaşyjylarda saýlaw işini guramak boýunça taýýarlygyň kämilleşmegine we bilimleriniň çuňlaşdyrylmagyna ýardam berýär.Türkmenistanda BRIDGE (Building Resources in Democracy, Governance, and Elections) usulyýeti boýunça dört günlük okuwlar geçirildi. BRIDGE usulyýeti interaktiw çemeleşme bolup, topar ýumuşlary, amaly ýagdaýlaryň derňewlerini we amaly ýumuşlaryň ýerine ýetirilşini öz içine alýar. Munuň özi gatnaşyjylarda saýlaw işini guramak boýunça taýýarlygyň kämilleşmegine we bilimleriniň çuňlaşdyrylmagyna ýardam berýär.
Çeşme: BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasy tarapyndan berildi

Türkmenistanda BRIDGE (Building Resources in Democracy, Governance, and Elections) usulyýeti boýunça dört günlük okuwlar geçirildi. BRIDGE usulyýeti interaktiw çemeleşme bolup, topar ýumuşlary, amaly ýagdaýlaryň derňewlerini we amaly ýumuşlaryň ýerine ýetirilşini öz içine alýar. Munuň özi gatnaşyjylarda saýlaw işini guramak boýunça taýýarlygyň kämilleşmegine we bilimleriniň çuňlaşdyrylmagyna ýardam berýär.

Okuwlar BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasy tarapyndan Türkmenistanda saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek boýunça Merkezi topary bilen bilelikde “Türkmenistanda saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga ýardam bermek” bilelikdäki taslamanyň çäklerinde geçirildi. Okuwlaryň mowzugy – “Saýlawlary dolandyrmaga giriş” diýlip atlandyryldy.

Okuwlary BRIDGE usulyýeti boýunça halkara derejeli bilermenler Natia Kaşkaşwili we Şalwa Shakaýa geçirdiler. Çäre Merkezi saýlaw toparynyň, welaýatlaryň saýlaw toparlarynyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň saýlaw edaralarynyň wekillerini, şeýle hem syýasy partiýalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýygnady.

Dört günlük okuwlaryň dowamynda gatnaşyjylar saýlaw işiniň esasy ugurlaryny, şol sanda saýlaw tapgyrlaryny, saýlawlary meýilleşdirmek, halkara tassyklanan standartlary we saýlawlary geçirmegiň ýörelgelerini, şeýle hem saýlawçylary hasaba almak ulgmynda elektron tehnologiýalaryň ulanylşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Aýratyn sessiýa saýlaw işinde gender deňligi meselesine aýrylyp, saýlawlary inklýuziw we gender-duýgur dolandyrmagyň wajyplygyny açyp görkezdi.

“BRIDGE okuwlary saýlaw dolandyryjylara saýlaw işleriniň netijeliligini we aýdyňlygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan möhüm ukyp-başarnyklary we bilimleri berýär” – diýip, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Tomisa Paowiç öz giriş sözünde belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026