HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda gümrük işgärleri işewür we ulag pudagynyň wekilleri bilen duşuşdylar

Fewral 23, 2025 | 02:25 |6009
22-nji fewralda, şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda gümrük amallaryny işjeňleşdirmek we daşary söwdany höweslendirmek maksady bilen pudagara duşuşyk geçirildi22-nji fewralda, şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda gümrük amallaryny işjeňleşdirmek we daşary söwdany höweslendirmek maksady bilen pudagara duşuşyk geçirildi
Çeşme: customs.gov.tm

22-nji fewralda, şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda gümrük amallaryny işjeňleşdirmek we daşary söwdany höweslendirmek maksady bilen pudagara duşuşyk geçirildi. Bu ýere gümrük gullugynyň, demirýol we awtoulag agentlikleriniň, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň, öňdebaryjy ulag-logistika kompaniýalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, gümrük dellallarynyň hünärmenleri bu ýere ýygnandylar.

Duşuşygyň esasy temasy işewürlik üçin gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek boldy. Gümrük gullugynyň wekilleri söwdany çaltlaşdyrmak üçin täze çäreler barada gürrüň berdiler. Olaryň arasynda import edilýän harytlaryň deslapky elektron deklarasiýasyny we gümrük amallaryndan geçenlerinde daşary söwda bilen meşgullanýan kompaniýalara birnäçe ýönekeýleşdirýän Ygtyýarly ykdysady operatoryň hukuk derejesini almaklyk bar.

Şeýle hem duşuşykda gümrükhana öňünden habar bermek üçin halkara ýük daşaýjylary häzirki zaman tehnologiýalaryny we sanly ulgamlary nähilli ulanmaklygy barada maslahatlaşdylar. Gümrük gullugynyň işgärleri, Türkmenistandan eksport edilýän harytlaryň gümrük amallary, şunda döwlet edaralarynyň rugsatnamasy esasynda gümrük serhedinden geçirilýän harytlary resmileşdirmegiň düzgünlerini düşündirdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar gümrük dolandyryşy we daşary ykdysady işjeňlige kömek bermekde iň ýokary netijeliligi gazanmak üçin gümrük, gözegçilige alýan we hukuk goraýjy edaralar hem-de işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda pudagara hyzmatdaşlygy we konstruktiw dialogy güýçlendirmegiň möhümdigini biragyzdan bellediler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026