HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Öñüni alyş diplomatiýasy akademiýasy 2025-nji ýyl üçin diñleýjileriñ kabul edişligini yglan edýär

Fewral 22, 2025 | 10:57 |5099
Birleşen Milletler Guramasynyñ Merkezi Aziýa üçin Öñüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniñ Öñüni alyş diplomatiýasy akademiýasy 2025-nji ýyl üçin diñleýjileriñ kabul edişligi barada habar berýär. Maksatnama öñüni alyş diplomatiýasy babatda ukyp-başarnyklaryny ösdürmek isleýän Merkezi Aziýanyñ we Owganystanyñ 18-29 ýaş aralygyndaky ýaşlar üçin niýetlenen. Munuñ özi olara ýaş liderlik bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.Birleşen Milletler Guramasynyñ Merkezi Aziýa üçin Öñüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniñ Öñüni alyş diplomatiýasy akademiýasy 2025-nji ýyl üçin diñleýjileriñ kabul edişligi barada habar berýär. Maksatnama öñüni alyş diplomatiýasy babatda ukyp-başarnyklaryny ösdürmek isleýän Merkezi Aziýanyñ we Owganystanyñ 18-29 ýaş aralygyndaky ýaşlar üçin niýetlenen. Munuñ özi olara ýaş liderlik bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Çeşme: unrcca.unmissions.org

Birleşen Milletler Guramasynyñ Merkezi Aziýa üçin Öñüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniñ Öñüni alyş diplomatiýasy akademiýasy 2025-nji ýyl üçin diñleýjileriñ kabul edişligi barada habar berýär. Maksatnama öñüni alyş diplomatiýasy babatda ukyp-başarnyklaryny ösdürmek isleýän Merkezi Aziýanyñ we Owganystanyñ 18-29 ýaş aralygyndaky ýaşlar üçin niýetlenen. Munuñ özi olara ýaş liderlik bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Gatnaşyjylar dawalaryñ öñüni almak, medeniýetara gatnaşyklary, zorluk ekstremizmiñ öñüni almakda adam hukuklary we ýaşlaryñ orny ýaly temalary öwrenip bilerler. Okuwlar, esasan, onlaýn-görnüşinde geçiriler, bu hem durnukly Internet-baglanyşygyny talap edýär.

Arzalar 2025-nji ýylyñ 10-njy martyna çenli kabul edilýär. Gatnaşyjylar 300-e golaý sözden ybarat höweslendiriji düzmäni tabşyryp, degişli arza formasyny doldurmaly. Höweslendiriji hatda "Näme üçin Öñüni alyş diplomatiýasy akademiýasynda gyzyklanýarsyñyz?" diýen soragyñ jogabyny şöhlelendirmeli.

Şeýle hem, gyzyklandyrma bildirýän şahslar "Näme üçin men ÖADA maksatnamasyna gatnaşmaga laýyk gelýän?" tema bilen gysga wideo (60-90 sekund) düşürmeli.

Seçip alma bäsleşik esasynda geçirilýär. Bahalandyrmagyñ ölçegleri: akademiki/hünär ugry; sosial işiniñ/meýletinçiligiñ tassyklanan tejribesi; döredijilik çemeleşme; B2 derejesinden pes bolmadyk iñlis dili derejesi.

Okuwlary üstünlikli tamamlan gatnaşyjylar Öñüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyñ häzirki wagtda bar bolan sebitara uçurymlar toruny köpeldip, Birleşen Milletler Guramasynyñ Merkezi Aziýa üçin Öñüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniñ we Birleşen Milletler Guramasynyñ beýleki düzümleýin edaralary tarapyndan guralýan çärelere çekiler.

Bäsleşigiñ ýeñijileri elektron poçta arkaly bildiriş alarlar.

Giñişleýin maglumatlar üçin aziz.kuliyev@un.org elektron poçta boýunça ýüz tutup bilersiñiz.

Goşmaça maglumat çeşmeleri:

Saýt - https://unrcca.unmissions.org/youth-2

Neşirler - https://unrcca.unmissions.org/publications-1

Birleşen Milletler Guramasynyñ Merkezi Aziýa üçin Öñüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi (UNRCCA) Merkezi Aziýanyñ we Owganystanyñ ýaşlary üçin Öñüni alyş diplomatiýasy akademiýasyny 2019-njy ýylda döretdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026