HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

CNN Travel Almaty şäherini Merkezi Aziýanyň “täze stil paýtagty” diýip atlandyrdy

Fewral 22, 2025 | 20:40 |6720
Gazagystan Respublikasynyň syýahatçylyk we sport ministrligi, Gazagystanyň geljegi uly syýahatçylyk ugry hökmünde halkara metbugatynyň artýan gyzyklanmasyny belleýär. Köp daşary ýurt KHBS ýurduň özboluşly aýratynlyklaryna, medeni we tebigy mirasynyň täsinligine üns berýärlerGazagystan Respublikasynyň syýahatçylyk we sport ministrligi, Gazagystanyň geljegi uly syýahatçylyk ugry hökmünde halkara metbugatynyň artýan gyzyklanmasyny belleýär. Köp daşary ýurt KHBS ýurduň özboluşly aýratynlyklaryna, medeni we tebigy mirasynyň täsinligine üns berýärler
Çeşme: visitalmaty.kz

Gazagystan Respublikasynyň syýahatçylyk we sport ministrligi, Gazagystanyň geljegi uly syýahatçylyk ugry hökmünde halkara metbugatynyň artýan gyzyklanmasyny belleýär. Köp daşary ýurt KHBS ýurduň özboluşly aýratynlyklaryna, medeni we tebigy mirasynyň täsinligine üns berýärler. Şeýlelikde, CNN Travel neşiriniň 2025-nji ýyl üçin iň gowy syýahat ýerleriniň sanawynda Almaty şäheri Merkezi Aziýanyň “stiliň täze paýtagty” hökmünde görkezildi. Şäher joşgunly medeni durmuşy, gijeki dynç alyş mümkinçilikleri we ajaýyp aşhanasy bilen ünsleri özüne çekýär. Şeýle hem, ol täsin tebigy landşaftlary we dag belentlikleriniň ýakynlygyny höwes bilen kabul edýän syýahatçylaryň üns merkezinde ýerleşýär.

Condé Nast Traveller neşiri, Gazagystanyň däp bolan milli aşhanasynyň täzeden janlanmagyny syýahatçylary özüne çekýän möhüm faktor hökmünde belleýär. Ýurduň milli köklerine gaýdyp gelmegi we gastronomiki syýahatçylygy ösdürmegi daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Forbes Italia neşiri Gazagystany howlukman syýahat etmegi we hakyky täsirleri başdan geçirmegi halaýanlar üçin döwrebap syýahatçylyk ugruna öwrülen ýurt hökmünde häsiýetlendirýär. Gazagystan bilen Italiýanyň arasyndaky göni howa gatnawy syýahatçylaryň sanynyň köpelmegine we durnukly, gaýtadan dikeldiş syýahatçylygynyň ösmegine itergi berýär.

Ministrligiň habarynda amerikan syýahat žurnalistleriniň “Almaty Through American Eyes” (Amerikanlaryň gözi bilen Almaty) atly kitap çykaryp, Gazagystanyň medeni däpleri we tebigy gözellikleri baradaky täsirlerini paýlaşandyklary bellenilýär. Kitapda ýerli adatlar we milli tagamlar arkaly ýurduň täsinlikleri Günbatar okyjylaryna ýetirildi.

optimize.jpg

Täze ýapon dilindäki ýolbelet Globe Trotter Central Asia 2025-26 Gazagystany syýahatçylyk ugruna öwürmekde möhüm ädim boldy. Bu neşirde Çaryn jülgesi we Kaýyndy köli ýaly iň meşhur ýerler bilen birlikde ýurduň tebigy we medeni ýadygärlikleri barada jikme-jik maglumatlar berilýär. Bu we beýleki neşirler Gazagystany baý medeni mirasa we tebigy köpdürlülige eýe ýurt hökmünde görkezýär we dünýäniň dört künjeginden syýahatçylaryň ünsüni çekýär.

Gazagystanyň syýahatçylyk pudagy durnukly ösüş görkezýär. 2024-nji ýylda daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 11,5 milliondan geçdi, bu bolsa 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende iki esse köpdür.

“Almaty tourism bureau” -niň marketing we analitika Departamenti tarapyndan geçirilen derňewlere görä, Almaty şäherine gelýän ortaça syýahatçy 26-35 ýaş aralygyndaky erkek adam. Ol bu ýerde ortaça 5 gün geçirýär we uçar peteklerini hasaba almazdan, ortaça 1500 dollar harçlaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026