HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pikiriň güýji bilen ýazmak – fantastika däl, tehnologiya

Fewral 20, 2025 | 20:30 |5478
Dünýäde emeli aň ugrunda öwrülişik bolup geçýär, we hünärmenleriň pikiriçe, onuň geljegi uly ugurlarynyň biri-de kontaktsyz interfeýsleriň ösmegidir. Bu adam bilen kompýuteriň özara täsiriniň täze usullarynyň esasyny goýup biler. Meta kompaniýasy pikiriň kömegi bilen tekst girizmäge mümkinçilik berýän innowasion, inwaziw däl neýrointerfeýs işläp düzdiDünýäde emeli aň ugrunda öwrülişik bolup geçýär, we hünärmenleriň pikiriçe, onuň geljegi uly ugurlarynyň biri-de kontaktsyz interfeýsleriň ösmegidir. Bu adam bilen kompýuteriň özara täsiriniň täze usullarynyň esasyny goýup biler. Meta kompaniýasy pikiriň kömegi bilen tekst girizmäge mümkinçilik berýän innowasion, inwaziw däl neýrointerfeýs işläp düzdi
Çeşme: gettyimages.com

Dünýäde emeli aň ugrunda öwrülişik bolup geçýär, we hünärmenleriň pikiriçe, onuň geljegi uly ugurlarynyň biri-de kontaktsyz interfeýsleriň ösmegidir. Bu adam bilen kompýuteriň özara täsiriniň täze usullarynyň esasyny goýup biler. Meta kompaniýasy pikiriň kömegi bilen tekst girizmäge mümkinçilik berýän innowasion, inwaziw däl neýrointerfeýs işläp düzdi.

Bu işläp taýýarlama beýniniň elektrik işjeňligini belleýän magnit-ensefalografiýa skaneriniň ulanylmagyna esaslanýar. Beýniniň signallaryny seljerip, ulgam ulanyjynyň haýsy harplary ýazmaga synanyşýandygyny anyklap bilýär. Geçirilen synagda 35 meýletinçi gatnaşdy, we çuňňur neýron tory esasynda döredilen algoritm harplary tanamakda 80% takyklyga ýetdi.

Tehnologiýa entek köpçülikleýin ornaşdyrylmaga taýyn däl, sebäbi onuň enjamlaýyn çäklendirmeleri we enjamlarynyň ýokary bahasy bar. Mundan başga-da, kelläniň hereketlerine aşa duýgurlygy sebäpli signallaryň dogry tanalmagyna täsir edýän kynçylyklar ýüze çykýar. 80% takyklyga garamazdan, ortaça ýalňyşlyk derejesi 32% töweregi boldy, bu bolsa tehnologiýanyň häzirlikçe amaly taýdan ulanmak üçin amatly däldigini görkezýär. Mundan başga-da, tehnologiýa daşky magnit meýdanlaryndan goralan ýörite enjamlaşdyrylan otaglary talap edýär.

2017-nji ýylda Mark Sukerberg «beýniden gönüden-göni tekst ýazmaga» mümkinçilik berýän tehnologiýany işläp düzmek barada belläp geçipdi. Ilkinji meýilnama kompaniýanyň kiçi göwrümli enjam – meselem, baş gap ýa-da kelle daňysy ýaly, beýniniň yşaratlaryny okap, olary tekste öwürýän enjam döretmegini göz öňünde tutýardy. Emma taslama tehniki çäklendirmelere sezewar boldy we dört ýyldan soň onuň sarp ediji görnüşinden el çekildi.

Şeýle-de bolsa, Meta neýroylmy barlaglaryna maýa goýmaga dowam etdi. Onuň hünärmenleri tarapyndan döredilen täze tehnologiýa entek diňe laboratoriýa şertlerinde synag edilse-de, kompaniýa ony strategiki ugur hökmünde kabul edýär. Bu tehnologiýa adam pikirlenişini has çuňňur öwrenmäge we emeli aňy ösdürmäge ýardam berip biler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026