HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý Aziýadaky iň çuň dik guýynyň buraw işlerini tamamlady

Fewral 21, 2025 | 10:27 |9608
Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) Aziýadaky iň çuň dik guýynyň buraw işlerini tamamlady. Onuň çuňlugy 10 910 m  ýetdi. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär.Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) Aziýadaky iň çuň dik guýynyň buraw işlerini tamamlady. Onuň çuňlugy 10 910 m  ýetdi. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär.
Çeşme: russian.news.cn

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) Aziýadaky iň çuň dik guýynyň buraw işlerini tamamlady. Onuň çuňlugy 10 910 m ýetdi. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär.

“Şenditake-1” ady bilen belli bolan guýy Sinzýan-Uýgur awtonom etrabynyň Tarim oýlugyndaky Takla-Makan çölünde ýerleşýär. Buraw işleri 2023-nji ýylyň 30-njy maýynda başlap, 580-den gowrak günläp dowam etdi. Olaryň takmynan 300 güni soňky 910 m geçmek üçin gerek boldy. Bu guýy diňe bir nebitgaz serişdelerini tapmak üçin däl-de, eýsem Ýer şaryň ewolýusiýasyny we çuňluk geologiýany öwrenmek üçin niýetlenendir. Buraw işleriniň dowamynda möhüm inženerçilik gazananlaryna ýetildi. Olaryň arasynda guýrugyň iň çuň sementleşdirilmegi we iň çuň wizualizasiýaly suwasty karotažy bar. Guýy 12 sany geologiýa emele gelmelerinden geçip, ýaşy 500 mln-dan geçen jynslara ýetdi.

Taslamany goldamak üçin CNPC iň çuň guýylar üçin dünýäde ilkinji awtomatlaşdyrylan buraw enjamyny hem-de karotaž işleri üçin öňdebaryjy gurallar toplumyny işläp düzdi. Bu gazanylan üstünlik ylmy-barlaglar we sebitde serişdeleri işläp taýýarlamak üçin täze gözýetimleri açyp berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026