HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýran Hazarýaka ýurtlaryň arasynda erkin söwda zolaklaryny döretmegi teklip etdi

Fewral 19, 2025 | 16:25 |5851
Eýran Hazarýaka ýurtlaryň arasynda erkin söwda zolaklaryny döretmegi teklip etdi. Bu barada Tähranda geçirilen Hazarýaka ýurtlaryň premýer-ministrleriniň III Ykdysady forumynda Eýranyň 1-nji wise-prezidenti Muhammed Rza Arif habar berdi.Eýran Hazarýaka ýurtlaryň arasynda erkin söwda zolaklaryny döretmegi teklip etdi. Bu barada Tähranda geçirilen Hazarýaka ýurtlaryň premýer-ministrleriniň III Ykdysady forumynda Eýranyň 1-nji wise-prezidenti Muhammed Rza Arif habar berdi.
Çeşme: www.trend.az

Eýran Hazarýaka ýurtlaryň arasynda erkin söwda zolaklaryny döretmegi teklip etdi. Bu barada Tähranda geçirilen Hazarýaka ýurtlaryň premýer-ministrleriniň III Ykdysady forumynda Eýranyň 1-nji wise-prezidenti Muhammed Rza Arif habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, ähli taraplar şeýle zolaklaryň döredilmegi barada maslahatlaşyp, gutarnykly karara gelip bilerler.

“Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk we bäş döwletiň karary, bilelikdäki erkin söwda zolaklaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip hasaplaýarys. Eýran tarapy resmi tertipde Hazarýaka ýurtlarynda erkin söwda zolaklaryny döretmek barada hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşygyň deslapky tekstini kenarýaka ýurtlara ugratdy” – diýip, Muhammed Rza Arif belledi.

Şeýle hem, ol Eýranyň, ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin Hazarýaka ýurtlaryň kenarýaka sebitleriniň wajyplygyny hasaba almak bilen, “Hazarýaka ýurtlaryň kenarýaka sebitleriniň geňeşini” döretmegi teklip edýändigini aýtdy.

Eýran bu Geňeşiň ilkinji mejlisini 2025-nji ýylda haýsy-da bolsa bir kenarýaka welaýatlarynda geçirmäge taýýardygyny belledi.

Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň gatnaşmagyndaky Hazarýaka ýurtlaryň premýer-ministrleriniň III Ykdysady forumy 17-18-nji fewral aralygynda Tähranda geçirilendigini ýatladýarys.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026