HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ýolbaşçylary we Tatarsytanyň Baştutany hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Fewral 18, 2025 | 23:15 |8249
Sişenbe güni, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdySişenbe güni, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
Çeşme: tdh.gov.tm

Sişenbe güni, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Ýokary derejeli myhman mähirli kabul edilendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň netjili ösüşi bilen baglanyşykly möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. ...Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Rustam Minnihanow bilen duşuşygynda, taraplaryň özara bähbitlerini nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň uly göwrümli senagat subýekti hökmünde Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Yzygiderli geçirilýän duşuşyklar, türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň netijeliliginde möhüm ähmiýete eýedigi baradaky pikiri bir agyzdan tassykladylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen we tatar halklarynyň asyrlar boýy özara gatnaşyklarynyň medeniýetleriň, diniň, diliň umumylygyna, däp-dessurlaryň meňzeşligine, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýandygyny nygtadylar. Tatarystanyň Baştutany türkmen halkynyň milli däplerini, özboluşly medeniýetini saklap galmaga we geljekki nesillere geçirmek ugrunda alyp barýan işlerine ygrarlydygyna çuňňur hormat bilen belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar medeni we ynsanperwer ulgamlarda döwletara dialogy ösdürmegiň möhümdigini aýtdylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň Russiýa Federasiýasy bilen köp formatly strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli ugurlardaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen işi mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi.

...Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Duşuşyk Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününde geçirildi. Şunuň bilen baglylykda ýurduň halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň başlygy daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde türkmen diplomatlaryna möhüm orun degişlidigini şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem uly goşandyny nygtady.

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de duşuşyga gatnaşýan wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowy Diplomatik işgärleriň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

18022024-rukovoditeli-turkmenistana-i-rais-tatarstana (2).jpg

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda ykdysady, syýasy we beýleki ugurlarda köp işler amala aşyryldy, şonuň netijesinde, türkmen-tatar gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykaryldy. Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy iki ýurda-da gowy netijeler getirýär, bu bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar barada edýän aladasy üçin Rustam Minnihanowa minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Ozal habar berilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, şu ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigi mynasybetli Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna dabara geçiriler. Prezident Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy 12-nji dekabrda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026