Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Geljekki diplomatlar talyplaryň arasynda geçirilen breýn-ringde ýeňiji boldular

Fewral 18, 2025 | 09:55 |4896
17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de ýurduň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp breýn-ring geçirildi17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de ýurduň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp breýn-ring geçirildi
Çeşme: TDIM HGI

17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de ýurduň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp breýn-ring geçirildi. Intellektual ýaryşa ürkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň toparlary gatnaşdy.

18022025-brejn-ring (3).jpg

Ýaryşyň dowamynda çuňňur we köp taraplaýyn bilimleri görkezip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplar topary bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Ikinji orny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplar topary eýeledi, üçünji orna bolsa – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar topary mynasyp boldy. Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşik, halkara syýasatynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we ýaş nesilleriň arasynda watançylyk duýgusyny güýçlendirmek üçin meýdança boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

23:55 Awgust 14, 2026
AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

23:50 Awgust 14, 2026
Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

23:45 Awgust 14, 2026