HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýran bilen Türkmenistan söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy maksat edinýärler

Fewral 18, 2025 | 09:15 |6662
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Tähranda amala aşyrýan saparynyň çäklerinde III Hazar ykdysady forumynyň meýdançasynda Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammadreza Aref bilen duşuşdyTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Tähranda amala aşyrýan saparynyň çäklerinde III Hazar ykdysady forumynyň meýdançasynda Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammadreza Aref bilen duşuşdy
Çeşme: isna.ir

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Tähranda amala aşyrýan saparynyň çäklerinde III Hazar ykdysady forumynyň meýdançasynda Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammadreza Aref bilen duşuşdy.

Duşuşykda çykyş edip, Aref Eýranyň goňşy döwletler bilen gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek boýunça işlere çynlakaý ähmiýet berýändigini nygtady diýip, Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär. Bu strategiýada Türkmenistan aýratyn orny eýeleýär diýip, aýtdy we Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi goňşy Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtady diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar we onuň gün tertibi hususy pudaga üns bermek bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy öz içine alýandygyny bellediler.

Iki ýurduň arasynda bar bolan medeni we siwilizasiýa umumylygyny göz öňünde tutup, energetika, ulag, üstaşyr we syýahatçylyk ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň zerurlygy bellendi.

18022025-iran-turkmenistan (3).jpg

Iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmekde Eýran-Türkmenistan bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk geňeşiniň orny nygtaldy.

Duşenbe güni Eýranyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň premýer-ministrleriniň we ministrleriniň gatnaşmagynda Tähranyň “Azady” myhmanhanasynda III Hazar ykdysady forumy açyldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

21:00 Oktýabr 30, 2026
Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

19:00 Oktýabr 30, 2026
Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

17:00 Oktýabr 30, 2026