HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyñ hususy bölegine maýa goýumlary çekmek boýunça Halkara forumynda bilermenleriñ maslahatlaşjak mowzuklary

Fewral 13, 2025 | 16:45 |6510
Ozal habar berilşi ýaly, mart aýynyñ 18-ne Aşgabatda "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlary" atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça Halkara forumy geçiriler. Işewürligi ösdürmek, maýa goýumlary çekmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy giñeltmek ýaly meseleler üns merkezinde bolar.Ozal habar berilşi ýaly, mart aýynyñ 18-ne Aşgabatda "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlary" atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça Halkara forumy geçiriler. Işewürligi ösdürmek, maýa goýumlary çekmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy giñeltmek ýaly meseleler üns merkezinde bolar.
Çeşme: ift.com.tm

Ozal habar berilşi ýaly, mart aýynyñ 18-ne Aşgabatda "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlary" atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça Halkara forumy geçiriler. Işewürligi ösdürmek, maýa goýumlary çekmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy giñeltmek ýaly meseleler üns merkezinde bolar.

Türkmenistanyñ hususy böleginiñ maýa goýum mümkinçilikleri möhüm mowzuklaryñ biri bolar. Gatnaşyjylar işewürlikde gazanylan üstünlikleri hem-de ony ösdürmegiñ mümkinçiliklerini, şeýle hem onuñ bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin şertleri ara alyp maslahatlaşarlar. Halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyk baradaky sessiýalaryñ çäklerinde bilermenler işewürlik taslamalary maliýeleşdirmek we täze maýa goýum gurallary çekmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Forumyñ ýene bir mowzuklarynyñ arasynda senagatda we gurluşykda innowasion çözgütler. Önümçiligiñ netijeliligini ýokarlandyryp biljek hem-de pudagy döwrebaplaşdyrmaga ýardam berjek öñdebaryjy tehnologiýalar görkeziler. Oba hojalyk pudagynda hususy bölegiñ ornuna bagyşlanan aýratyn sessiýa hem geçiriler. Oba hojalykda häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalyk işewürligini goldamak hem-de pudagy ösdürmegiñ täze mümkinçilikleri barada maslahatlaşylar.

Forumyñ maksatnamasyna ikitaraplaýyn resminamalaryñ gol çekilmegi, hususy bölegiñ wekilleriniñ we mümkin bolan maýadarlaryñ arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryñ we işewürlik gepleşikleriñ geçirilmegi hem girýär. Çäre dabaraly agşamlyk nahary bilen tamamlanar.

Forumyñ resmi saýty: https://ift.com.tm/index

Şeýle-de okañ: IFT 2025 Halkara forumy: işewürlik üçin möhüm maýa goýum mümkinçilikleri

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026