HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Londonyň "Kew Gardens" bagynda gülleriň walsy

Fewral 12, 2025 | 16:50 |7188
2025-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 2-nji martyna çenli Londondaky Kew Gardens botanik bagynda her ýyl geçirilýän orhideýa festiwaly dowam edýär.2025-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 2-nji martyna çenli Londondaky Kew Gardens botanik bagynda her ýyl geçirilýän orhideýa festiwaly dowam edýär.
Çeşme: londoncult.co.uk

2025-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 2-nji martyna çenli Londondaky Kew Gardens botanik bagynda her ýyl geçirilýän orhideýa festiwaly dowam edýär. Bu botanikleriň, floristleriň, taryhçylaryň we suratkeşleriň ajaýyp hyzmatdaşlygynyň nyşany bolup, şu ýyl ol Perunyň tebigatyna bagyşlanýar. Bu botanik jennetine gelen myhmanlar gyş paslynyň soňky aýynyň çal reňkli hakykatyndan çykyp, peruan ekzotikasy bilen bezelen reňkli dünýäni synlap bilerler.

12022025-kew-gardens (2).jpg

Orhideýa planetamyzda iň köp ýaýran ösümlikleriň maşgalalaryň biri bolup, on müňlerçe görnüşi öz içine alýar. Sergide bu ajaýyp gülleriň dürli görnüşleri, reňkleri we ululyklary bir ýere jemlenipdir. Olar ýerde, suw kenarlarynda, agaçlarda ösýär, hatda howada-da gaýyp durýarlar. Häzirki wagtda Antarktidadan başga ähli kontinentlerde duş gelýän bu güller esasan tropiki zolaklarda giňden ýaýrandyr. Bu ýerlerde ýagyşly möwsümleriň uzak bolmagy olaryň ösmegi üçin iň amatly şertleri döredýär. Orhideýa florasynyň dürli kontinentlerdäki aýratynlyklary olaryň tebigatda giňden ýaýrandygyny görkezýär.

12022025-kew-gardens (4).jpg

Kew Gardensde gülleriň estetiki gözelligi sungatyň dürli ugurlary bilen utgaşyp, uzak ýurtlaryň medeniýetini görkezýär. Şu ýylky festiwalda maglumat panelleri, fotosuratlar we surat eserleri Perunyň ýerli ilaty we bu ajaýyp ýurduň öwreniliş taryhy barada gürrüň berýär.

12022025-kew-gardens (3).jpg

Tropiki güllerden düzülen bezegler oba hojalyk önümleri bilen bilelikde görkezilip, Kolumbdan öňki Amerikanyň berekedini we medeni aýratynlyklaryny şöhlelendirýär. Gury ösümliklerden ýasalan heýkeller bolsa Perunyň haýwanat dünýäsini janlandyrýar. Naýbaşy täsir galdyrýan sergi bölümleriniň biri-de Naska platosynyň geoglifleri, Titikaka köli, Kusko we Maçu-Pikçu ýaly inkler imperiýasy barada gürrüň berýän ýörite gezelençdir. Bu täsin gezelenç Pisco Disco häzirki zaman işlenişindäki adaty kumbiýa sazlary bilen utgaşdyrylyp, myhmanlara täsirli duýgulary paýlaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

23:55 Awgust 14, 2026
AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

23:50 Awgust 14, 2026
Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

23:45 Awgust 14, 2026