HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda ýody we bromy öndürmek boýunça täze zawod gurlar

Fewral 12, 2025 | 14:20 |9153
“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni Günbatar Çeleken (Hazar meýdançasy) ýatagynda çig-mal binýadynyň hem-de “Balkanabat” ýod zawodynyň durkunyň täzelenmegi bilen ýody, bromy we brom önümlerini öndürmek boýunça zawody taslamalaşdyrmak we gurmak barada halkara bäsleşik yglan etdi.“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni Günbatar Çeleken (Hazar meýdançasy) ýatagynda çig-mal binýadynyň hem-de “Balkanabat” ýod zawodynyň durkunyň täzelenmegi bilen ýody, bromy we brom önümlerini öndürmek boýunça zawody taslamalaşdyrmak we gurmak barada halkara bäsleşik yglan etdi.
Çeşme: e-cis.info

“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni Günbatar Çeleken (Hazar meýdançasy) ýatagynda çig-mal binýadynyň hem-de “Balkanabat” ýod zawodynyň durkunyň täzelenmegi bilen ýody, bromy we brom önümlerini öndürmek boýunça zawody taslamalaşdyrmak we gurmak barada halkara bäsleşik yglan etdi. Bäsleşik baradaky bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 132 salgysy boýunça “Türkmenhimiýa” Döwlet konsernine ýazmaça arzany tabşyrmaly. Arzada gatnaşyjynyň doly ady, onuň hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy we rekwizitleri görkezilmeli.

Şeýle hem, 1725 ABŞ dollary (GNS hasaba almak bilen) ýa-da Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň hümmeti boýunça manat ekwiwalentinde (rezidentler üçin) tölegi amala aşyryp, bäsleşik resminamalar bukjasyny almaly. Bäsleşik tekliplerinden ybarat bukjalar töleg tassyklanan soňra kabul edilýär. Bäsleşik teklipleri tabşyrmagyň soňky möhleti - «Нейтральный Туркменистан» gazetinde bildirişiň çap edilmeginden 30 iş güni. Habarlaşamak üçin:

Telefon belgileri – (99312) 39-01-62; 39-01-58.

Faks – 39-01-72.

E-mail – contact@turkmenhimiya.gov.tm;

12dep@turkmenhimiya.gov.tm

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
TIF 2026: türkmen işewürleri Mitsubishi, John Deere ýa-da Samsung bilen duşuşygy nähili belläp bilerler we bu işi näme üçin şu günden amala aşyrmaly

TIF 2026: türkmen işewürleri Mitsubishi, John Deere ýa-da Samsung bilen duşuşygy nähili belläp bilerler we bu işi näme üçin şu günden amala aşyrmaly

23:34 Sentýabr 19, 2026
Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

07:02 Sentýabr 19, 2026
Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

06:32 Sentýabr 19, 2026